SYÝASAT
Buharada Türkmen-Özbek hökümetara komissiýasynyň serheti kesgitlemek boýunça ýygnagy geçirildi
Buharada Türkmen-Özbek hökümetara bilelikdäki komissiýanyň iş toparlarynyň döwletara serheti kesgitlemek meseleleri boýunça ýygnagy geçirildi. Bu
«Uzdaily.uz» tarapyndan habar berilýär.
16-njy ýanwardan 21-nji ýanwar aralygynda taraplar Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky döwlet serhedini kesgitlemek boýunça hökümetara toparynyň bilelikdäki mejlisine taýýarlyk meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şu nukdaýnazardan serhetleri kesgitlemek üçin kadalaşdyryjy-hukuk we tehniki resminamalaryň taslamasy hem-de şu ýyl meýilleşdirilýän iş toparlarynyň ýygnaklarynyň tertibi ylalaşyldy.
Türkmen-Özbek hökümetara toparynyň öňki ýygnagynyň 2019-njy ýylyň dekabrynda Karşide (Özbegistan) geçirilendigini ýatladýarys.