SYÝASAT
Gurbanguly Berdimuhamedow ýürek operasiýasyndan soň Nazarbaýewiň tiz wagtdan sagalmagyny arzuw etdi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Arkadag — türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti Nursultan Nazarbaýewe geçirilen operasiýa bilen baglylykda hat iberip, oňa tiz wagtdan sagalmagy, şeýle hem berk jan saglyk, ruhubelentlik, gujur-gaýrat arzuw etdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berildi.
Geçen hepde Gazagystanyň ozalky Prezidenti, 82 ýaşly Nursultan Nazarbaýewiň ýürek operasiýasy amala aşyryldy. Operasiýa Astanadaky milli ylmy ýürek hirurgiýa merkezinde geçirildi.
«Operasiýa geçen ýyl meýilleşdirilipdi. Ol 2,5 sagat dowam etdi» diýip, ony alyp baran Ýuri Pýa aýtdy.
Onuň sözlerine görä, Nursultan Nazarbaýewiň saglyk ýagdaýy gowy we ýakyn wagtda hassahanadan çykarylmagyna garaşylýar.