Täzelikler

SAHYPA TAPYLMADY


SYÝASAT

Türkmenistan Brýussele Owganystany dikeltmek boýunça forum geçirmegi teklip etdi

Brýusselde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýewropa Bileleşiginiň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň üçünji duşuşygy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýewiň ýolbaşçylyk etmeginde türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy.
Çäräniň dowamynda, Gün tertibine laýyklykda, Owganystandaky häzirki ýagdaý we sebitleriň howpsuzlygy bilen baglanyşykly meselelere syn berildi, şeýle hem owgan halkyna kömek bermek boýunça taraplaryň hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Wepa Hajyýew öz çykyşynda Owganystandaky içerki syýasy durnuklylygyň gazanylmagyna, sosial-ykdysady şertleriň gowulanmagyna päsgel berýän esasy faktorlara ünsi çekdi. Onuň bellemegine görä, häzirki häkimiýetler bilen gepleşikleri güýçlendirmek, ynamdar gatnaşyklary döretmek we ýurduň syýasatyna oňyn täsir etmek, bu ýurtdaky halkara maksatnamalary we taslamalary dowam etdirmek zerur.
Şu nukdaýnazardan, Owganystany dikeltmegiň gurmak üçin giň köptaraplaýyn forum geçirmek mümkinçiligine garamak teklip edildi.
Şol bir wagtyň özünde, hyzmatdaşlygyň we bilelikdäki taslamalaryň, hususan-da, eýýäm başy başlanan energetika, ulag we aragatnaşyk hem-de beýleki taslamalaryň durmuşa geçirilmegini dowam etdirmek arkaly bu ýurduň ykdysadyýetini goldamagyň zerurlygy bellendi.