SYÝASAT
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti hanym Draupadi Murmuwa, Premýer-ministr Narendra Modä hem-de ýurduň ähli halkyna Hindistanyň milli baýramy — Respublika güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
“Türkmenistan bilen Hindistan Respublikasynyň arasynda açyklyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanyp ýola goýlan dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýäris, syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlygymyzyň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde halkymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine berk ynanýarys” diýip, döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda belleýär.
Hormatly Prezidentimiz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident hanym Draupadi Murmuwa we Premýer-ministr Narendra Modä berk jan saglyk, bagt, abadançylyk, Hindistan Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.