Täzelikler

SAHYPA TAPYLMADY


SYÝASAT

«Uzbekneftegaz» Türkmenistanda «Petronas» kompaniýasynyň şahamçasyndan nebit satyn almagy meýilleşdirýär

«Uzbekneftegaz» özbek holding korporasiýasy we «Petronas Çarigali (Turkmenistan) Sdn Bhd» 2023-nji ýylda türkmen nebitini ibermek boýunça maksatnamanyň üstünde işleýärler diýip, Newshub.uz özbek neşiri habar berýär. 
«Iki kompaniýanyň wekilleri Daşkentde geçirilen duşuşykda nebit pudagynda hyzmatdaşlygyň geljegini, şeýle hem Özbegistanyň Buharadaky nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň «Petronas Çarigali» kompaniýasynyň önümçilik kärhanalary bilen özara gatnaşyklaryny maslahatlaşdylar. Çig nebiti zawoda import etmek babatda uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmak mümkinçiligine aýratyn üns berildi» - diýlip habarda aýdylýar.
Gepleşikleriň netijeleri boýunça taraplar arasynda şu ýylda Türkmenistandan Özbegistana nebit ibermek maksatnamasyny bilelikde taýýarlamak hakynda ylalaşyk gazanyldy. Hususan-da, gürrüň Buharanyň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň kuwwatlyklaryna çig nebiti import etmek mümkinçiligi barada boldy.
«Petronas Çarigali (Turkmenistan) Sdn Bhd» Hazar deňziniň türkmen kenarynda şertnamalaýyn blokda nebit we gaz çykarmak boýunça daşary ýurtly operatorlaryň biri.