Täzelikler

SAHYPA TAPYLMADY


SYÝASAT

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Patyşa Hamad bin Isa Al Halifanyň arasynda gepleşikler geçirildi

Şu gün Manamada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifanyň arasynda gepleşikler geçirildi. Ozal habar berlişi ýaly, düýn döwlet Baştutanymyz Bahreýn Patyşalygyna resmi sapar bilen geldi.
Ýokary derejedäki şu gezekki duşuşyk däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak we ösdürmek, ony hil taýdan täze derejä çykarmak üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Şunuň bilen birlikde, bu sapar Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmegiň ýolunda nobatdaky ädim bolup durýar. Bu strategiýa dünýäniň ähli ýurtlary, şol sanda arap dünýäsiniň döwletleri bilen netijeli, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir.
Şu gün ýokary derejedäki gepleşikleriň öňüsyrasynda döwlet Baştutanymyz Bahreýniň Ykdysady ösüş geňeşine baryp gördi. Irden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow geňeşiň baş dolandyryş binasyna tarap ugrady. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Bahreýn Patyşalygynyň Premýer-ministriniň orunbasary Şeýh Halid bin Abdulla Al Halifa we bu düzümiň ýolbaşçylary mähirli garşyladylar.
Bu ýerde belent mertebeli myhman üçin Bahreýniň Ykdysady ösüş geňeşi we onuň işiniň aýratynlyklary barada maglumat berýän tanyşdyrylyş çäresi guraldy.
Bahreýn Patyşalygynyň Premýer-ministriniň orunbasary Şeýh Halid bin Abdulla Al Halifa ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy ýene-de bir gezek tüýs ýürekden mübärekledi. Döwlet Baştutanymyzyň şu saparynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge, onuň ugurlaryny giňeltmäge täze itergi berjekdigine, däp bolan döwletara gatnaşyklary hem-de netijeli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirild
Hormatly Prezidentimiz geňeşiň işi hem-de onuň esasy wezipeleri, Bahreýniň ykdysady strategiýasyny işläp taýýarlamak we ony durmuşa geçirmek üçin döredilýän şertler barada gürrüň berýän wideoşekiller bilen tanyşdy. Bu strategiýa milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, onuň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Ol dürli ugurlary — maliýe, telekeçilik, bilim we hünärmenleriň taýýarlygy, saglygy goraýyş, syýahatçylyk ýaly ugurlary öz içine alýar hem-de häzirki ýagdaýlara degişli çäreleri göz öňünde tutýar. Şeýle-de ykdysadyýetiň esasy pudaklaryny, şol sanda nebitgaz senagatyny, hususy ulgamy çalt depginler bilen ösdürmek, amatly maýa goýum ýagdaýyny döretmek ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi.
Tanyşdyrylyş çäresiniň dowamynda geňeşiň ýolbaşçysy onuň işiniň esasy ugurlary barada jikme-jik maglumat berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Bahreýniň kartasynyň nusgasynyň ornaşdyrylan ýerine geçmäge çagyrylýar. Bu ýerde belent mertebeli myhman ýurtda amala aşyrylýan maýa goýum taslamalary we hyzmatdaşlyk üçin bar bolan mümkinçilikler bilen tanyşdyryldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda ýurdumyzyň ykdysadyýetini innowasiýalar we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, onuň sanly we tehnologik taýdan özgerdilmegine, dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň häzirki zaman ulgamyna üstünlikli goşulyşmagyna gönükdirilen özgertmeler dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda maliýe-bank düzümini, senagat toplumyny düýpli özgertmek, hususy ulgamy höweslendirmek we goldamak, onuň ykdysadyýetdäki paýyny artdyrmak boýunça maksadalaýyk işler alnyp barylýar. Bu ugurda amala aşyrylýan özgertmeler bilen baglylykda, degişli milli kanunçylygy kämilleşdirmäge hem uly ähmiýet berilýär. Bularyň ählisi ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, onuň kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga, ýurdumyzyň maýa goýum babatda özüne çekijiligini ýokarlandyrmaga ýardam edýär, özara bähbitli hyzmatdaşlygy, şol sanda abraýly ugurdaş düzümler bilen gatnaşyklary ösdürmek, geljegi uly bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin oňaýly mümkinçilikleri şertlendirýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çuň mazmunly tanyşdyrylyş çäresi üçin Bahreýn Patyşalygynyň Premýer-ministriniň orunbasary Şeýh Halid bin Abdulla Al Halifa hem-de geňeşiň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Bahreýn we onuň işewürler toparlary bilen netijeli gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny belledi.
Bahreýn tarapynyň hem ägirt uly kuwwata eýe bolan, özüni jogapkärli hyzmatdaş hökmünde görkezen ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirilýändigi tassyklanyldy