SYÝASAT
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyna ygrarlylyk tassyklanyldy
Şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde Aşgabatda öz işini tamamlaýan BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German bilen zenanlaryň duşuşygy geçirildi. Oňa Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň medeniýet ulgamyna gözegçilik edýän orunbasary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşykda ýurdumyzda 2007-nji ýyldan bäri BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň hereket edýändigi bellenildi. Geçen ýyllaryň dowamynda bu merkeziň sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegine uly goşant goşandygy, bu ugurda baý tejribe toplandygy, işleriň öňüni alyş diplomatiýasynyň gurallaryny ulanmak arkaly amala aşyrylandygy we bu gurallaryň häzirki wagtda-da örän möhümdigi nygtaldy. Şeýle-de merkeziň işi Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, olaryň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna gönükdirilen daşary syýasy başlangyçlaryny goldamaga gönükdirilendir.
Zenanlaryň dialogy 2020-nji ýylyň dekabrynda Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň wekilleri tarapyndan BMG-niň goldaw bermeginde döredilen Merkezi Aziýanyň taryhynda şeýle düzümleriň ilkinjisidir. Zenanlaryň forumyny Aşgabatda geçirmek başlangyjy türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir. 2021-nji ýylyň awgustynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ilkinji gezek Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy boldy.
2022-nji ýylda ýurdumyzyň zenanlaryň dialogynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde bu düzümiň Düzgünnamasy taýýarlanyldy we kabul edildi. Çeper elli zenanlaryň halkara jemgyýeti döredildi, şeýle-de gender deňliginiň üpjün edilmegine, zenanlaryň telekeçilik işiniň ösdürilmegine gönükdirilen dürli derejedäki çäreler geçirildi. Şolaryň hatarynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogyny görkezmek bolar.
Türkmenistanyň zenanlaryň dialogynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde üstünlikli geçirýän çärelerine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň goldaw we aýratyn üns berýändigi uly hoşallyk bilen nygtaldy.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň giňeldilmegine Natalýa Germanyň goşan goşandyny belläp, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysyny BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça komitetiniň Ýerine ýetiriji direktoratynyň Ýerine ýetiriji direktory wezipesine bellenilmegi bilen gutlap, täze wezipede üstünlikleri arzuw etdi.
Öz gezeginde, BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMGniň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German ýolbaşçylyk eden diplomatik wekilhanasynyň işine bäş ýylyň dowamynda goldaw berendikleri hem-de köpugurly hyzmatdaşlyga döredilen şertler üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hem-de Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.
Öňüni alyş diplomatiýasynda iň esasy zat ynam we netijeli hyzmatdaşlykdyr. Munuň özi tutuş sebit üçin möhümdir. Çünki ol Merkezi Aziýanyň howpsuzlygynyň we abadançylygynyň bähbidine alyp barýan hyzmatdaşlygymyzyň ileri tutulýan ugurlaryny beýan edýär. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň ýurdumyza sebit we halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýan ygtybarly we jogapkär hyzmatdaş hökmünde garaýandygy nygtaldy. Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň esasy düzümleri, şol sanda Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde geljegi nazara almak bilen, sebiti ösdürmegiň maksatnamalaýyn wezipeleriniň durmuşa geçirilmegine, onuň häzirki zaman dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna mundan beýläk-de üstünlikli goşulmagyna gönükdirilen täze, özara ylalaşykly çemeleşmeler işlenip taýýarlanylýar.
Natalýa German sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meselelerini çözmekde zenanlaryň barha artýan ornuny nygtap, häzirki wagtda zenanlaryň döredijilikli işleriniň örän möhümdigini, Merkezi Aziýa döwletleriniň zenanlarynyň dialogynyň işiniň bolsa munuň aýdyň subutnamasydygyny belledi. Gender deňliginiň gazanylmagyna, jemgyýetiň syýasy, jemgyýetçilik we ykdysady durmuşyna zenanlaryň doly derejeli gatnaşmagynyň üpjün edilmegine gönükdirilen syýasatyň durmuşa geçirilmeginiň möhümdigine aýratyn üns çekildi.-di.-