SYÝASAT
«Çeper» tikin fabrigi öndürilýän daşky geýimleriň görnüş sanyny atdyrdy
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Daşoguzdaky «Çeper» tikin fabriginiň işgärleri bu ýerde öndürilýän daşky geýimleriň görnüş sanyny atdyrdy. Kärhanada dürli ýaşdaky adamlar üçin dürli reňkli we ýyly ýeňsizleriň täze görnüşleri döredilip, köpçülikleýin önümçilige goýberildi. Olaryň biçüwi farbrigiň hünärmenleri tarapyndan taýýarlanypdyr. Geýimleriň hemmesi-de ýurdumyzda öndürilýän berk we ekologiýa taýdan arassa matadan tikilýär. Gelşikli täze önümler amatly, amaly we sebitiň howa aýratynlyklary göz öňünde tutulsa, oňa uly islegiň boljakdygyndan habar berýär.
Fabrigiň işgärleri önümleriň görnüşini yzygiderli täzelemäge we müşderileriň hil hem görnüş taýdan isleglerini kanagatlandyryp, diňe talap edilýän önümleri tikmäge çalyşýarlar. Fabrigiň zerur amallaryň köpüsini netijeli ýerine ýetirmäge we ýokary hilli biçmegi we tikmegi üpjün etmäge mümkinçilik berýän ýöriteleşdirilen ýokary öndürijilikli häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylmagy-da muňa ýardam edýär. Üstünlikli işler işgärleriň ýokary hünär derejesi, kärhananyň önümçilik üçin zerur çig mal bilen üznüksiz üpjün edilmegi netijesinde amala aşyrylýar.
Sebitiň iň «ýaşuly» kärhanalarynyň biri ýylda millionlarça manatlyk önüm öndürýär, häzirki wagtda önümleriň görnüşine onlarça geýim, ýorgan-düşek we hojalykda ulanylýan dokma önümleri girýär.