Täzelikler

SAHYPA TAPYLMADY


MEDENIÝET

Nusgawy sazy söýüjiler üçin Berliozyň, Debýussiniň we Dworžakyň eserleri ýaňlandy

Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli, Gruziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisiniň başlangyjy, şeýle hem ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginiň ýardamy bilen Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Gruziýadan gelen italiýaly kompozitor we dirižýor Klaudio Wandelliniň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň ýerine ýetirmeginde nusgawy sazlaryň konserti boldy 
Konsert fransuz kompozitory Gektor Berliozyň «Fantastik simfoniýasy» bilen açyldy. Tomaşaçylar dirižýoryň we sazandalaryň ýerine ýetiriş ussatlygyny diýseň gyzgyn garşyladylar.
Klod Debýussiniň «Premýera üçin Rapsodiýasyny» klarnetde Yusup Öwezow ýerine ýetirdi. Ol belentlik bilen, şol bir wagtyň özünde rahat we aram ýaňlandy. Debýussi saz äleminde impressionçy hökmünde ykrar edilen, «Premýera üçin Rapsodiýa» munuň aýdyň subutnamasydyr.
Antonin Dworžakyň dört bölümli 9-njy simfoniýasy orta asyr galaly, çerepisa bilen örtülen üçekli öýleri we daş düşelen köçeleri bilen belli bolan Çehiýadan Nýu-Ýorka – aýnadyr betondan gurlan başy gök direýän metropola göçüp gelmegi netijesinde ýüze çykan duýdansyz duýgulary tomaşaçylara ýetirdi. Ýöne haýranlyk we geň galyjylyk tizden öz ornuny dogduk mekan üçin küýsege berýär, aslynda Dworžak sazynda näme hakda gürrüň berse-de, elmydama aýdyň we doly bolýar.
Maestro Klaudio Wandelli meşhur italýan dirižýory we Pan-Kawkaz ýaşlar orkestriniň ýolbaşçysydyr. Uly üstünlik bilen geçen konsertden başga-da, onuň saparynyň maksadyna her ýyl Sinandali halkara nusgawy aýdym-saz festiwalyna gatnaşmak üçin, ýaş türkmen sazandalaryny saýlamak hem girýär. Geçen ýyl bu festiwala 5 sazandamyz gatnaşdy. 2023-nji ýyldan bäri Türkmenistan Sinandali festiwalynyň ýaşlar simfonik orkestriniň hemişelik agzasy boldy. Oňa gatnaşmak bolsa türkmen nusgawy saz mekdebini bütin dünýä tanatmaga mümkinçilik berýär
Klaudio Wandelli mähirli garşylandyklary üçin, tomaşaçylara hoşallygyny bildirip, Türkmenistanyň Döwlet simfonik orkestriniň sazandalarynyň ýokary ussatlygyny we çeper ýolbaşçysy Resul Gylyjowyň ajaýyp zehinini belläp geçdi