MEDENIÝET
Medeniýet Şahberdiýewanyň aýdan aýdymlaryndan konsert
Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda SSSR-iň we Türkmenistanyň halk artisti, «Zähmet gyzyl baýdagy», «Halklaryň dostlugy», «Hormat Nyşany», III derejeli «Altyn Asyr» ordenleriniň eýesi, türkmen we Ýewropa operalarynyň 13 partiýasyny ýerine ýetiren Medeniýet Şahberdiýewa bagyşlanan konsert berildi
Konserti opera sungaty fakultetiniň 3-nji ýyl talyby, Medeniýet Şahberdiýewa ýaly koloratura soprano sesli Dünýägözel Begalyýewa alyp bardy.
Konsert Medeniýet Şahberdiýewanyň repertuaryndan Wolfgang Amadeý Mosartyň «Alliluýýa» atly meşhur eseri bilen başlandy.
Konsertde ýörite fortepiano kafedrasynyň mugallymy Aýlar Saparmyradowa Medeniýet Şahberdiýewanyň ýagty ýadygärligine bagyşlap döreden «Nokturn» eserini, şeýle hem Nury Halmämmedowyň «Ýanyňa» eserini ýerine ýetirdi. Ekranda Medeniýet Şahberdiýewa bilen Nury Halmämedowyň, şeýle hem Atageldi Garýagdyýewiň dostlugyna şaýatlyk edýän arhiw suratlary görkezildi. Konserwatoriýanyň professory, Türkmenistanyň halk artisti, ýurdumyzyň altyn baritony Atageldi Garýagdyýew beýik aýdymçy barada gyzykly gürrüň berdi.
Konsert Dünýägözel Begalyýewanyň aýtmagynda Nury Halmämmedowyň «Aşgabat» aýdymy bilen jemlendi. Ýeri gelende aýtsak, bu aýdymy ilkinji ýerine ýetirenem Medeniýet Şahberdiýewadyr
Ýeri gelende aýtsak, Dünýägözel diňe sesi bilen Medeniýet Şahberdiýewa meňzeş däl. Ol hem pianino ugrundan aýdym-saz mekdebini tamamlady, ýörite orta hünär mekdebinde okap ýörkä wokal mugallymy Žanna Saýan bäsleşikleriň birinde onuň sesini eşidýär. Ol Dünýägözeliň hem Medeniýet Şahberdiýewa ýaly coloratura soprano seslidigini kesgitledi. Häzirki wagtda konserwatoriýanyň mugallymlary Dünýägözeliň sesini kämilleşdirmek ugrunda işleýärler. Elbetde, Şahberdiýewa ýaly ajap sesli ýene biri dörese, oňa ýetesi näme bar! Belki, şeýle bolsun-da!