YKDYSADYÝET
Mary welaýatyna taksileriň 85-si geldi we olar ertirden başlap halkyň hyzmatynda bolarlar
Ýakynda “Türkmenawtoulaglary” agentligi ýurdumyzyň welaýatlaryndaky awtoulag kärhanalaryna döwrebap taksi ulaglaryny ugratdy. “Maryawtoulag” önümçilik birleşiginiň habar bermegi esasynda, Mary welaýatyna bu taksileriň jemi 85-si gelip gowuşdy. Şu günden bu taksileriň belli bir bölegi öz işine başlady. Ertir döwrebap taksileriň 45-si Mary şäheriniň içinde hem-de 40-sy şäher ýaka ýerlerde hereket edip başlar. Şäher ýaka aralygynda diýenimizi anygy bilen aýtsak, şäherden 6o-65 km aralyk uzaklygy öz içine alýan ýerlerde taksi hyzmatlary halkyň hyzmatynda bolar.
Döwrebap taksileri sargyt esasda-da tutup bolar. Olarda halk üçin bähbitli bolan hyzmatlaryň ählisini ornaşdyrmak göz öňüne tutulýar. Has takygy, nagt däl görnüşinde hem tölegi amala aşyrmak üçin mümkinçilikler uzagyna dörediler. Şeýle döredilýän mümkinçilikleriň diňe halkyň bähbidi üçin edilýän beýik tagallalardygyny biziň hemmämiz bilýäris.