MEDENIÝET
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary kinofilm surata düşürýärler
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň geljekki uçurymlary «Ah söýgi, söýgi!» atly kinofilmi surata düşürýärler. Institutyň mugallymy Çaryýar Seýidow bu eseriň režissýorydyr. Film «Mekan» telekeçilik kinostudiýasynda surata düşürilýär we ol 27-nji iýunda, Medeniýet we sungat işgärleriniň, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň şygryýeti güni görkeziler.
Ýagny, geljekki režissýorlar, operatorlar we aktýorlar bitewi topar hökmünde işlemegi öwrenýärler. Çünki, kinofilm düşürmek – köpçülikleýin döredijiligiň bir görnüşi.
Çaryýar Seýidow: «Şu ýylky uçurymlarymyz eýýäm diplom spektakllaryny tabşyryp başladylar we Mollanepes adyndaky Talyplar teatry olaryň hünäriniň ilkinji uly sahnasy boldy. Olaryň arasynda Anton Çehowyň «Ýubileý» wodewili, «Dawa nämeden başlandy?» spektakly, «Ýaşlyk joşguny» we başgada birnäçe sahnalaşdyrylan oýunlar bar. Şeýlede ýaş hünärmenler film döretmekde öz güýjlerini synap bilerler. Häzirki wagtda kinoteatrlarda görkezmäge niýetlenen «Ah söýgi, söýgi!» çeper filmi surata düşürilýär».
Onuň mazmuny
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň şygaryna gabat gelýär. Ýaş nesil birek-birek bilen gatnaşykda bolmagy, dostlaşmagy, bagtly, agzybir maşgala döretmegi, zähmet çekmegi we öz ýurdunyň geljegini gurmagy öwrenýär.
Mundan başga-da, filmde syýahatçylyk ulgamlary we Türkmenistanda syýahatçylygyň ösüşi barada gürrüň berilýär. Ýurdumyz özüniň ajaýyp tebigaty we görnüşleri bilen meşhurdyr, şonuň üçin hem film diňe bir paýtagtymyzda däl, eýsem orta asyrlara degişli Şährislam şäherindäki taryhy-medeni ýadygärlikde, tebigaty gözel daglarda we sähralarda hem surata düşürildi.
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň «Teatr sungaty» fakulteti 1993-nji ýylda döredildi. Onda Türkmenistanyň halk we at gazanan artistleri, «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijileri we tejribeli mugallymlar sapak berýärler.
Institut işläp gelýän döwründe telegepleşikleri alyp baryjylar, režissýorlar, tele we kinooperatorlar, ses režissýorlary we yşyk hünärmenleri ýaly ussat sungat işgärlerini taýýarlady.
Häzirki wagtda ýaş hünärmenler teatrlarda, kino döredijiliginde, welaýat medeniýet merkezlerinde, döwlet sirkinde, sungat mekdeplerinde we ýurdumyzyň medeniýet edaralarynda zähmet çekýärler.