SYÝASAT
Şu gün Raşid Meredow Özbegistana sapar bilen barar
Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Özbegistana sapary başlanar. Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Samarkandda geçirilýän birnäçe möhüm syýasy çärelere — Owganystana goňşy döwletleriň daşary işler ministrleriniň mejlisine, GDA-nyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň hem-de «Merkezi Aziýa — Russiýa Federasiýasy» formatyndaky daşary işler ministrleriniň altynjy duşuşygyna gatnaşar. Bu barada «Sputnik.uz» habar berýär.
Bellenilişine görä, Samarkandda şu gün geçiriljek Owganystana goňşy döwletleriň daşary işler ministrleriniň dördünji mejlisine sekiz döwletden ýokary derejeli wekiliýet gatnaşýar. Hususan-da, mejlisde Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Hytaýyň, Russiýa Federasiýasynyň, Eýranyň, Pakistanyň, Täjigistanyň hem-de Owganystanyň DIM-leriniň ýolbaşçylary Owganystanda parahatçylygy dikeltmek, bu ýurda ynsanperwer kömegi bermek, şeýle-de sebitdäki howpsuzlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar.