Täzelikler

SAHYPA TAPYLMADY


YKDYSADYÝET

Ýurdumyzyň 2023-nji ýylyň birinji çärýeginde JIÖ-niň ösüşi 6,2 göterime barabar boldy

2023-nji ýylyň başyndan bäri ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň ösüşi 6,2 göterim saklanyp gelýär. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde aýtdy.
Mejlisiň dowamynda 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 6 göterim artandygy bellenildi.
Şeýle hem ýylyň ýanwar — mart aýlarynda bölek-satuw haryt dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,5 göterim, daşary söwda dolanyşygy 8,4 göterim ýokarlandy.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy pudagy bolan ýangyç-energetika toplumy boýunça maglumatlar beýan edildi.
Şu ýylyň birinji çärýeginde “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit bilen üpjün etmegiň meýilnamasy 101,9 göterim ýerine ýetirilip, nebiti gaýtadan işleýän zawodlar tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 103,6 göterim berjaý edildi. Benzin öndürmegiň meýilnamasy 104,5 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 108,6 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 104,5 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 104,5 göterim, daşary ýurtlara iberilen tebigy gazyň meýilnamasy 102,8 göterim berjaý edildi. Bu barada TDH-niň "Türkmenistan: Altyn asyr" saýty habar berýär.