Täzelikler

SAHYPA TAPYLMADY


MEDENIÝET

Bedewlerden söz açylsa, nakgaşlaryň ylhamynyň çägi ýok

Türkmen bedewiniň Milli baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň galereýasynda sergi-bäsleşik açyldy, oňa isleg bildiren nakgaşlaryň ählisi, şol sanda çeperçilik ýörite orta hünär mekdebiniň talyplary we teleoperatorlar hem gatnaşdylar.

Sergi indi on ýyldan gowrak wagt bäri her ýyl geçirilse-de, oňa höwes diňe ýokarlanýar. Bu ýyl oňa gatnaşan 328 suratkeş 361 eser hödürledi. Däp bolşy ýaly, ol: žiwopis, heýkel-keramika, şaý-sepler, dizaýn işleri, haly we gobelen önümleri, şeýle hem telewizion işler ýaly alty ugurdan geçirilýär.
Her ýylam nakgaşlar çäksiz ylhamy bilen tomaşaçylary geň galdyrýarlar. Elbetde, eserleriň köpüsi ahalteke bedewleriniň ajaýyp owadanlygyna bagyşlanýar. Olaryň arasynda aňyrsy gözýetimde ak bulutly asman bilen sepleşip gidýän garly gum depesinde duran ajaýyp ak at çekilen surat has saýry gelýär. Durşuna ak suratdaky eýer ondaky ýalňyz tegmil bolup görünýär. Oýnap duran bäş at şekillendirilen surata bakmakdan nazaryň doýmaýar. Eseriň awtory atlary beýan etmekde reňkleriň ähli öwüşginlerini şeýle bir ýerlikli ulanypdyr welin, olar bedewleriň gujur-gaýratyny nepis görkezýär.
Ýöne ýumorly suratlar welin tomaşaçylary özüne baglap goýýar. Atdyr taýçanagyň geň galyp, güjük bilen edýän söhbetini şekillendirýän suratyna «Gürrüňe berlenler» diýip at goýasyň gelip dur. Ýa bolmasa, düýelerdir taýçanagyň ýanynda elindäki taýagyny dutar edip aýdyma zowladýan oglanjyk çekilen surata «Ýatakdaky konsert» diýesiň gelýär.


Dizaýnerlerem gowy işleri sergä hödürlediler. Tomaşaçylar esasanam bagt getirýärmiş diýlip yrym edilýän nallardan ýasalan installýasiýany haladylar. Ýoldan çapyp barýan atlaryň şekili hem has üýtgeşik, hat-da geň galdyryjy çykypdyr. Onuň geňligi, awtor atlary, ýoly, bulutlary hem çüýden ýasalypdyr.
Zergärlerem tapawutlanypdyrlar, olar, goý stilleşdirilen bolsa-da, at heýkeljiginiň, zenan şaý-sepleriniň nepis nagşyň bir bölegine öwrülip biljekdigini görkezip, ýene bir gezek geň galdyrdylar.

Sergide görkezilen sungat eserleriniň aglabasy birinji orna mynasypdyr. Emin agzalaryna zehinli awtorlaryň arasyndan bäsleşigiň ýeňijisini kesgitlemek kyn düşse gerek. Onuň jemi ýakyn wagtda yglan ediler.