Täzelikler

SAHYPA TAPYLMADY


MEDENIÝET

Suratkeşiň 70 ýyllygy mynasybetli şahsy sergisi açyldy

Paýtagtymyzyň Sergi merkezinde suratkeş Aleksandr Kaşirskiýniň 70 ýyllygy mynasybetli şahsy sergisi açyldy.
Biziň hemmämiz paýtagtymyzy söýýäris we onuň ajaýyp häzirki zaman ösüşlerine buýsanýarys. Galyberse-de 50 ýyl ýa-da ondanam köp Aşgabatda ýaşan adamyň ýüreginde paýtagtymyza bolan söýgi has-da güýçli duýulýar.
Aşgabat şäheri Aleksandr Kaşirskiýniň döredijiliginiň esasy temasydyr. «Nostalgiýa», «Howludaky çüwdürim», «Wokzalyň golaýyndaky köne köçe», «Göwher» suratlary tomaşaçylary özüne çekýär.
Suratkeş ähmiýetsiz ýaly görünýän aýratynlyklara – penjire çarçuwalaryny, poçta gutularyny, gül düşeklerini täsirli şekillendirmegi başarypdyr. Bu aýratynlyklar hemmesi aňymyzda janlanýar we geçmişi hem ýadymyza salýar.
Aleksandr Kaşirskiý suratkeşlikden başga-da medal guýmak sungaty bilen hem meşgullanýar. Bu biziň döwrümizde adamlaryň demirden ýasalan portretleri şekillendirilen medal guýmagyň has seýrek görnüşidir.
Aleksandr Kaşirskiýniň işlerinde tanymal suratkeşleriň, filosoflaryň we syýasatçylaryň portretleri bilen birlikde 50 töweregi guýma medal portretler hem bar.
Olaryň arasynda Şekspiriň we Nostradamusyň ýa-da döwürdeşlerimiziň portretlerini synlap bilersiňiz.