Täzelikler

SAHYPA TAPYLMADY


MEDENIÝET

Aşgabatda dumanly Albionyň aýdym-sazlary ýaňlandy

Angliýadan dünýäniň çar künjegine ýaýran we köp ýurtlarda meşhur bolan geçen asyryň aýdym-sazlary Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynyň sahnasynda sentimental hem romantik äheňde ýaňlandy.
Olary Tahiyr Ataýewiň orkestriniň sazandarlygynda solistler Döwran Şammyýew, Mansur Şaripow, Bogdan Smolin we Laçyn Rozyýewa ýerine ýetirdiler. Laçynyň aýdymçy hökmünde ilkinji gezek sahna çykandygyny aýtmak gerek. Konserwatoriýanyň 3-nji ýyl talyby wokal fakultetinde däl-de, ýörite fortepiano fakultetinde okaýar.
Konsertde ýaşlar birneme gedemligi, azajyk salyhatlylygy bilen azda-kände iňlislere-de meňzeýärdiler. Diňe Döwran Şammyýew olardan saýryrakdy.
Tomaşaçylar olaryň çykyşyny alkyşlap, aýdymçylara gül desselerinidir el çarpyşmalar peşgeş etdiler.
Konsertde «Agent 007» filmine aýdym-sazlar, Robbie Williamsyň repertuaryndan aýdymlar, iňlis kompozitorlarynyň Civaplay «Viva la vida» we beýleki eserleri ýerine ýetirildi.
Konsert Döwran Şammyýewiň aýtmagynda John Newmanyň «Love again» aýdymy bilen jemlendi. Ol aýdymy şeýle bir yhlasly aýtdy welin, diňleýjileriň haýyşy bilen ony ýene bir gezek ýerine ýetirmeli boldy!