Täzelikler

SAHYPA TAPYLMADY


MEDENIÝET

Weteranyň gahrymançylykly ýoly

Faşizme garşy agyr jeňiň tamamlanany bäri 78 ýyl geçse-de, bu urşuň salan ýarasy entekler biterlikli däl. Beýik Watançylyk urşunda beýleki halklaryň gahryman gerçekleri bilen birlikde, türkmen gerçekleriniň gaýduwsyzlygy, batyrgaýlygy, mertligi nusgalyk bolup taryha ýazyldy. Köp pida talap eden bu uruşda onlarça müň türkmen ýigitleri alyslarda mazar bolup galsalar, müňlerçesi ata Watana Ýeňiş bilen dolanyp geldiler. Şolaryň birem Mary etrabynyň Peşanaly geňeşliginiň ýaşaýjysy Aýdogdy Amadowdyr. 105 ýaşy arka atan uruş weterany bilen duşuşyk her gezek ýatdan çykmajak täsir galdyrýar.
Harby gullukdan gelen ýaş ýigidiň abadan durmuş baradaky maksatlaryny urşa gitmäge çakylyk haty bozupdy. Ýaňy gullukdan gelen Aýdogdy Amadow urşuň ilkinji günlerinden fronta gidýär. Ol 150-nji diwiziýanyň 469-njy polkunyň awtomatçysy hökmünde Moskwanyň etegindäki aldym-berdimli söweşlere gatnaşyp, türkmen ýigitlerine mahsus batyrgaýlygy, edermenligi görkezýär. Harby gullukda alan söweş tälimleri esger ýigide uly goldaw bolýar. Faşistlere garşy ilkinji söweş menzilleri ony tiz taplaýar. Duşman Moskwanyň eteginden yza serpikdirilýär.
Soňra edermen esger Aýdogdy Amadowyň söweş ýoly 52-nji atly diwiziýasynyň 135-nji atly polkunda dowam edýär. Ol şu polkuň hatarynda faşistik basybalyjylary günbatara tarap kowmakda agyr jeňlere gatnaşýar. Birnäçe gezek ýaralanyp, kemsiz bejergi alanyndan soň ýene söweşjeň hatara dolanyp, faşistleri kowup çykarmakda gahrymançylyk görkezýär. Russiýanyň, Belarussiýanyň, Polşanyň şäherlerini we obalaryny duşmandan azat etmekdäki gandöküşikli söweşlere gatnaşýar. Çäksiz şatlygyň gözýaşy bilen garşylanan Beýik Ýeňşiň ýakynlaşmagyna özüniň esger goşandyny goşýar, duşmanyň paýtagty Berlin şäherini azat etmegiň agyr söweşlerine gatnaşýar. Berlini zabt etmekde görkezen edermenligi üçin üçünji derejeli “Şöhrat” ordeni, “Berlini alanlygy üçin” medal bilen sylaglanýar. Aýdogdy aganyň Berlindäki söweşleriň birinde faşistleriň 3-sini ýok edip, 2-sini ýesir alandygy barada beren gürrüňi bu weteranyň edermenlikli söweş ýolundan bir mysaldyr. Dogrusy, Aýdogdy aganyň söweş menzilleri barada näçe gürrüň etseň edip oturmaly.
Ol uruş gutarandan soňam iki ýyla golaý Berlin şäherinde gullukda bolýar.
105 ýaşy arka atan Aýdogdy Amadow häzirki ajap zamanamyz barada şeýle diýýär:
— Türkmen halky arzuw edilýän döwürde ýaşaýar. Ýurdumyz parahat, asmanymyz arassa. Diňe munuň özem uly bagt. Il-günümiz eşretli durmuşyň hözirini görýär. Hormatly Prezidentimiz uruş we zähmet weteranlary hakynda uly alada edýär. Ýaş nesiller şeýle gowy döwrüň gadyryny bilip, okamaly, päk zähmet çekmelidir.
Iki asyryň şaýady, uruş we zähmet weterany Aýdogdy Amadow agzybir maşgalasyna guwanýar. Onuň çagalary, 40 agtygy, 90 çowlugy, 20 ýuwlugy bu merdana, parasatly gojanyň göz-guwanjy. Gowlugyny görmegiň arzuwy Aýdogdy aga kuwwat berýär. Bizem uruş weterany Aýdogdy Amadowy Ýeňiş baýramy bilen gutlap, jan saglygyny, uzak ömür arzuw edýäris.
Baýram AMANOW.