SYÝASAT
BMG-NIŇ AZIÝA WE ÝUWAŞ UMMANY SEBITLERI BOÝUNÇA YKDYSADY WE DURMUŞ KOMISSIÝASYNYŇ (UNESCAP) 79-NJY MEJLISINIŇ ÇÄKLERINDÄKI “ARAL DEŇZINIŇ TÜRKMENISTANA ÝETIRÝÄN TÄSIRI” UGURDAŞ ÇÄRESI
2023-nji ýylyň 18-nji maýynda Taýland Patyşalygynyň, Bangkok şäherinde geçirilýän BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebitleri boýunça Ykdysady we Durmuş Komissiýasynyň (UNESCAP) 79-njy mejlisiniň çäklerinde “Aral deňziniň Türkmenistana ýetirýän täsiri” atly ugurdaş çäresi geçirildi. Agzalan çärä BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Aziýa we Ýuwaş ummany sebitleri boýunça Ykdysady we Durmuş Komissiýasynyň (UNESCAP) Ýerine ýetiriji sekretary Armida Salsiah Alisjahbana, Türkmenistanyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň we Gazagystan Respublikasynyň UNESCAP-ky wekilleri, Komissiýanyň öňdebaryjy bilermenleri gatnaşdy.
Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýeti Aral deňziniň meseleleri we Aral krizisiniň ýetirýän zyýanly täsirlerini gowşatmak, şeýle hem Hereketleriň maksatnamasynyň çarçuwasynda Aral basseýniniň ýurtlaryna ýardam etmek boýunça Türkmenistanda döwlet derejesinde alnyp barylýan anyk işler boýunça prezentasiýa bilen çykyş etdi.
Bu çäre Aral deňziniň meseleleriniň täsirleri hakynda habarlylygy ýokarlandyrmaga gönükdirildi.