SYÝASAT
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ABŞ-NYŇ PREZIDENTINIŇ ÝÖRITE WEKILI BILEN TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI
2023-nji ýylyň 29-njy maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentiniň howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça ýörite wekili Jon Kerri bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.
Döwlet Baştutanymyz we ABŞ-nyň Prezidentiniň ýörite wekili halkara gün tertibinde aýratyn üns merkezinde saklanýan möhüm ekologik meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.
Söhbetdeşligiň dowamynda howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmek üçin görülýän çäreler babatda Türkmenistanyň we ABŞ-nyň garaýyşlaryndan ugur alnyp, bu meseläniň möhüm ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda ählumumy ekologik wezipeleri çözmek hem-de daşky gurşawy senagat ösüşiniň depginleri bilen baglanyşykly antropogen ýagdaýlaryň oňaýsyz täsirinden goramak ulgamynda ýurdumyzyň garaýyşlary beýan edildi.
Şunda Türkmenistanyň hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň özara bähbitlere, umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän oňyn hyzmatdaşlygy geljekde-de giňeltmäge gyzyklanmalary tassyklanyldy.
Bellenilişi ýaly, BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 26-njy mejlisinde Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasy boýunça täze başlangyjy goldap, onuň kadalaryny jikme-jik öwrenmäge hem-de oňa goşulmak mümkinçiliklerine garamaga gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi. Şu maksat bilen ýurdumyzda yzygiderli işler amala aşyrylýar. “Ýaşyl” ykdysadyýete geçmek strategiýasyny durmuşa geçirýän Türkmenistan nebitgaz, energetika, ulag we beýleki pudaklarda ekologik taýdan arassa, serişde tygşytlaýjy ýokary tehnologiýalaryň yzygiderli ornaşdyrylmagyny ugur edinýär.
Türkmen tarapynyň başlangyjy esasynda Aşgabatda BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýa üçin howanyň üýtgemegi boýunça tehnologiýalaryň sebit merkeziniň açylmagy meýilleşdirilýär. Ol howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we onuň ýetirýän täsirlerini azaltmak boýunça netijeli hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat eder.
Söhbetdeşligiň ahyrynda taraplar döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.