SYÝASAT
TÜRKMENISTANDA POLŞA RESPUBLIKASYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI IŞE BAŞLADY
2023-nji ýylyň 29-njy maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Polşa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rafal Poborskiden ynanç hatyny kabul etdi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady.
Polşanyň Prezident Serdar Berdimuhamedowa Polşa Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň mähirli salamyny hem-de ähli türkmen halkyna aýdan iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Duşuşygyň dowamynda deňhukuklylyk, ynanyşmak, birek-birege hormat goýmak esasynda ýola goýulýan netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri boýunça pikir alşyldy.
Polşanyň ilçisi Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem ilçi Türkmenistanyň Mejlisiniň düzümleri we onuň dürli ugurlardaky özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek, kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmak boýunça durmuşa geçirýän işleri bilen tanyşdyryldy. Parlamentara gatnaşyklary, şol sanda halkara parlament düzümleriniň çäklerinde hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ilçi Rafal Poborski öz ýurdunyň Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary giň ugurlar boýunça işjeňleşdirmäge bolan gyzyklanmalary barada aýdyp, iki ýurduň ösüşiniň bähbidine laýyk gelýän netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi ugrunda tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.