MEDENIÝET
Ýaş sazandalaryň Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan konserti
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 1-nji çagalar sungat mekdebinde Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli konsert geçirildi. Mekdebiň okuwçylary Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň talyplary bilen bilelikde çykyş etdiler.
Mekdep okuwçylarynyň ýörite sazçylyk mekdebiniň hem-de konserwatoriýanyň talyplary bilen bir sahnada çykyş etmekleri döredijilik okuw mekdeplerinde ýygy-ýygydan duş gelýän wakalaryň biridir. Bu geçirilýän çäreleriň maksady çykyş edýänleriň ählisiniň ussatlyk derejesini ýokarlandyrmakdyr.
Çykyş edýänler sahna eýelerine we myhmanlara bölündi. Sahna eýelerinden Kerimhan Mälikgulyýew ilkinjileriň biri bolup çykyş etdi we ol Gurban Kulyýewiň «Baýramçylyk» sazyny joşgunly ýerine ýetirdi.
Konsert maksatnamasynda türkmen we ýewropaly kompozitorlaryň – Sergeý Rahmaninowyň, Antonio Wiwaldiniň, Şubertiň, Bethowiniň, Nury Halmämmedowyň, Waleriý Saparowyň we beýlekileriň eserleri girizildi. Çärede akapella hory eserleri sazlaşykly ýerine ýetirdi, skripka, tüýdük, ksilofon saz gurallarynyň ajaýyp owazlary ýaňlandy. Talyplardan düzülen ansamblyň sazandalary mukamlaryň milli öwüşginlerini beýan etdiler. Bagşy Sahydursun Mätiýewa öz çykyşy bilen myhanlarda täsir galdyrdy. Iň ajaýyp çykyş çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçysy Wepa Allaşowyň we onuň mugallymy Läle Arazdurdyýewanyň Motsartyň «Don Žuan» operasyndan ýerine ýetiren eseri boldy.
Zehinli çagalaryň Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan baýramçylyk konserti ýaş nesle öz ukyplaryny ösdürmäge, geljekde öňlerinde maksat goýmak we durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýän ýurdumyzdaky durnukly asuda durmuşyň alamaty boldy.