SYÝASAT
AŞGABATDA ÝHHG-NYŇ MERKEZINIŇ TÄZE BINASY AÇYLDY
Şu ýylyň 1-nji iýunynda Aşgabatda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň täze binasy açyldy.
Açylyş dabarasyna ÝHHG-nyň Baş sekretary, ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Aşgabat şäher häkimliginiň ýolbaşçylary, ýurdumyzda akkreditlenen diplomatik wekilhanalarynyň we KHBS-niň wekilleri gatnaşdylar.
ÝHHG-nyň Baş sekretarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana amala aşyran saparyna bagyşlanyp ÝHHG-nyň Merkeziniň täze binasynyň açylmagy, ÝHHG bilen Türkmenistanyň uzak möhletleýin gatnaşyklaryny mundan beýläk-de güýçlendirmek bilen bagly maksadynyň avdy[ subutnamasy boldy. Bu barada ÝHHG-nyň Baş sekretarynyň we türkmen tarapynyň ýolbaşçy wekilleriniň çykyşlarynda nygtaldy.
Şeýle hem, ählumumy parahatçylygy üpjün etmek, durnuklylygyň we howpsuzlygyň esaslaryny berkitmek, şeýle hem BMG-nyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ýaly döwrümiziň iň möhüm meselelerinde halkara gatnaşyklaryny güýçlendirmäge Türkmenistanyň ygrarlylygy bellenildi.
Hususan-da, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkeziniň täze binasynyň, ÝHHG-nyň maksatnamalarynyň, taslamalarynyň we çäreleriniň giň toplumyny işläp düzmek we netijeli durmuşa geçirmek üçin oňyn şertleri üpjün etmäge gönükdirilen, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga we umumy gymmatlyklary we maksatlary wagyz öňe sürmäge maýa goýum bolup durýandygyny belläp geçdi.
Baş sekretar Helga Şmidt bu binanyň açylmagy bilen ÝHHG-nyň merkeziniň öz ygtyýarlyklaryna laýyklykda wezipelerini we borçlaryny has gowy ýerine ýetirmäge mümkinçiliginiň artandygyny belledi.
ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy Jon MakGregor täze binanyň berilmeginiň, kabul edýän ýurduň hoşniýetliligini we ÝHHG bilen hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny görkezýändigini belläp, bu babatda Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirdi.
Täze bina Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkezine muzdsuz esasda berildi.