Täzelikler

SAHYPA TAPYLMADY


MEDENIÝET

Medeniýet hepdeligi — 2023: ýapylyş dabarasy

Şu gün paýtagtymyzda ýurdumyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň ýapylyş dabarasy boldy. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda geçirilen medeni forumyň milli medeniýetimizi mundan beýläk-de ösdürmäge we bu toplumyň işgärleriniň hünär taýdan kämilleşmegine täze itergi berendigini bellemeli. Forum halkymyzyň ägirt uly döredijilik mümkinçilikleriniň subutnamasy bolup, özüniň ajaýyp wakalary bilen türkmenistanlylaryň we paýtagtymyzyň myhmanlarynyň hakydasynda galar.
Medeniýet hepdeliginiň maksatnamasyny milli sungatymyzyň ähli ugurlaryny özünde jemlän köpöwüşginli çäreler düzdi. Ol halkymyzyň baý mirasyny, taryhy-medeni gymmatlyklaryny goramakda we öwrenmekde ýetilen sepgitleri beýan edip, olary giňden wagyz edýär.
Hepdeligiň jemleýji gününiň baýramçylyk dabarasy Aşgabat şäheriniň taryhy künjeginde, beýik nusgawy şahyryň adyny göterýän şaýoluň ugrunda ýerleşýän Magtymgulynyň ýadygärliginiň ýanynda badalga aldy. Bu ýerde Gündogaryň akyldarynyň şahyrana döredijiligine hormatyň nyşany hökmünde onuň ýadygärligine gül goýmak çäresi geçirildi. Özboluşly suw çüwdürimi bilen utgaşykly bina edilen Magtymgulynyň ýadygärligi paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň söýgi hem-de buýsanç bilen gelýän ýerleriniň, medeniýet we sungat işgärleriniň döredijilik duşuşyklarynyň geçirilýän künjekleriniň biridir. Şu gezekki guralýan çärä gatnaşmak üçin hem ýazyjy-şahyrlar, akyldar şahyryň köp sanly muşdaklary ýygnandylar.
Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak çäreleri ýurdumyzyň ähli sebitlerinde-de geçirildi.
Akyldar şahyryň edebi mirasy türkmen halkynyň dünýä edebiýatyna goşan özboluşly ägirt uly goşandydyr. Onuň mirasy diňe bir biziň milli buýsanjymyz bolmak bilen çäklenmän, eýsem, tutuş adamzadyň hem gymmatlygy bolup durýar. Ajaýyp taryhy şahsyýete hormat-sarpanyň nyşany hökmünde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow “Ynsan kalbynyň öçmejek nury” atly kitabyny ýazdy. Bu kitap türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edildi. Gahryman Arkadagymyz bu eserinde nusgawy şahyryň ömri, döredijiligi, filosofik garaýyşlary barada gürrüň berýär.
Ýadygärlige goýlan al-elwan güllerden emele gelen ajaýyp görnüş halkymyzyň beýik ogluna we onuň döredijiligine goýýan ägirt uly hormatynyň nyşany boldy.
Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň medeniýet we sungat işgärlerine hem-de ähli türkmen halkyna iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň taryhy özgerişlere beslenmegine, halkara abraýynyň ýokarlanmagyna medeniýet we sungat işgärleri uly goşant goşýarlar” diýlip, Gutlagda nygtalýar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, eziz Watanymyzda durmuşa geçirilýän iri möçberli döwlet maksatnamalarynyň ähmiýetini açyp görkezmekde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleriniň öňünde uly wezipeler durýar. Häzirki döwürde teleradioýaýlymlaryň, gazet-žurnallaryň, elektron neşirleriň alyp barýan işlerini kämilleşdirmek, sanly ulgamy ornaşdyrmak, žurnalistleriň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak möhüm wezipeleriň biridir. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly halka ýetirilýän eserleriň her biri milliligi, döwrebaplygy, kämilligi bilen tapawutlanmalydyr.
Medeniýet hepdeliginiň ýapylyş dabarasyna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Döredijilik işi we halkara medeni hyzmatdaşlyk üçin amatly şertleri döredýändigi hem-de medeni forumyň ýokary derejede guralandygy üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildiren dabara gatnaşyjylar eziz Watanymyzy we milli medeniýetimizi mundan beýläk-de ösdürmek işinde özleriniň güýç-kuwwatyny, döredijilik zehinini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
2023-nji ýylyň Medeniýet hepdeliginiň jemleýji çäreleri Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirildi. Bu ýerde sungat ussatlarynyň konserti boldy. Baýramçylyk konserti türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň beýik işlerini wasp edýän “Gahryman Siz, Arkadag!” atly joşgunly aýdym bilen başlandy.
Dabara tans toparlarynyň ýerine ýetirmeginde horeografik çykyşlar bilen dowam etdi. “Miras” folklor toparynyň “Medeniýet halkyň kalbydyr!” atly edebi-sazly çykyşy has-da ýatda galyjy boldy. Tomaşaçylar Garaşsyz Watanymyzyň röwşen geljegi bolan ýaşajyk nesliň wekilleriniň ýerine ýetiren çykyşyny ýakymly duýgular bilen garşyladylar. Her ýylda geçirilýän “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň, Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň ýeňijileriniň hem-de “Dokmaçylar” çagalar tans toparynyň ýerine ýetiren “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” atly sazly horeografik çykyşy ýaş nesilleriň döredijilik ylhamynyň belentdigini görkezdi. “Mukam” skripkaçylar toparynyň ýerine ýetiren “Mukamlar sazlaşanda” atly eseri bu ýere ýygnananlaryň el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.
Döwrebap tehniki enjamlar, sahnanyň özboluşly bezegi dabarany guraýjylaryň ulanan täzeçil çözgütleriniň ýerine düşmegine ýardam etdi. Köp sanly tomaşaçylar ajaýyp aýdym-sazly çykyşlara, folklor sahnalaryna el çarpdylar. Çykyşlarda mähriban halkymyzyň özboluşly däp-dessurlary öz beýanyny tapdy. Konsert maksatnamasynda gadymy dessanlar we häzirki zaman awtorlarynyň eserleri, ähli welaýatlaryň wekilleriniň tanslary özara sazlaşygy emele getirdi. “Galkynyş”, “Laçyn”, “Meňli”, “Miras”, “Serpaý”, “Aşgabat” toparlary we beýlekiler ajaýyp tanslary ýerine ýetirdiler.
“Türkmen toýy” atly kompozisiýa baýramçylyk çäresine aýratyn öwüşgin çaýdy. Ýurdumyzyň welaýatlaryndan gelen folklor-tans toparlarynyň ýerine ýetiren gadymy küştdepdi tansy halkymyzyň jebisligini, döredijilik joşgunyny alamatlandyrdy. Halkymyzyň medeni mirasynyň gymmatlyklaryny, däp-dessurlaryny alamatlandyrýan owadan milli lybaslar çykyşlaryň baýramçylyk öwüşginini has-da artdyrdy. Bu ýerde görkezilen täsirli wideoşekiller çykyşlaryň üstüni ýetirdi.
Konsertiň ahyrynda aýdymçylar we oňa gatnaşyjylaryň ählisi tarapyndan “Bagtly biz Siz bilen, Arkadagly Serdarym!” atly aýdym ýerine ýetirildi. Bu aýdym Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň, giň gerimli özgertmeleriň, milli medeniýetiň ösüşiniň senasy bolup ýaňlandy. Monitorlarda häzirki döwrüň belent döredijilik sepgitlerini, türkmen sungatynyň wekilleriniň gazanýan üstünliklerini şöhlelendirýän şekiller görkezildi.
2023-nji ýylyň Medeniýet hepdeliginiň jemleýji konsertiniň köpöwüşginli maksatnamasy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda mähriban halkymyzy täze zähmet ýeňişlerine hem-de döredijilik üstünliklerine ruhlandyrýan sungatyň beýik güýjüniň dabaralanýandygyny aýdyňlyk bilen görkezdi