Täzelikler

SAHYPA TAPYLMADY


Sport

Türkmenistanly söweş sambosy ussatlary Krasnodarda geçirilen “Gran-Pri” ýaryşynda dört bürünç medal gazandylar

Türkmenistanly türgenler Krasnodarda tamamlanan Krasnodar ülkesiniň häkiminiň kubogy ugrundaky sambo boýunça halkara “Gran-Pri” ýaryşynda dört bürünç medal gazandylar.
Bäsleşige Russiýadan, Ermenistandan, Gazagystandan, Azerbaýjandan, Özbegistandan, Täjigistandan we Türkmenistandan 100-den gowrak türgen gatnaşdy, olar sport we söweş sambosy boýunça baýrak almak üçin, ýedi agram toparynda bäsleşdiler.
Bu çärä Kubanyň gubernatory Weniamin Kondratýew-de gatnaşdy. Ol sambonyň türgenleri birleşdirýändigini we olaryň ruhuny taplaýandygyny belläp geçdi.
Ýaryşa Türkmenistandan 7 samboçy gatnaşdy, olaryň dördüsi hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy.
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport boýunça döwlet komitetinden habar berlişine görä, Aşgabat şäheriniň Bedenterbiýe we sport müdirliginiň 9-njy sport mekdebiniň tälimçisi Abdylla Babaýew (agramy 71 kilograma çenli) bürünç medal ugrunda iki bäsleşigi başdan geçirdi. Birinji ýaryşda ol Aleksandr Durymanowy (Russiýa Federasiýasy) ýeňdi, ikinjisinde bolsa russiýaly Rustam Taldyýewden asgyn geldi.
Beýleki üç medalçylarymyz şular – Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Wýaçeslaw Işhanýan (88 kg çenli), Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň 3-nji ýyl talyby Bezirgen Begenjow (98 kg çenli) we Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň işgäri Çarymyrat Annagurbanow (98 kg-dan ýokary) birinji tapgyrda, degişlilikde russiýaly Said Saidowdan, Abdulhalym Jawahanowdan we Oleg Kurbanowdan asgyn gelip, bürünç medala eýe boldular.
Toparlaýyn ýaryşda russiýaly samboçylar 40 medal (13 altyn, 10 kümüş, 17 bürünç) gazanmak bilen, öňe saýlandylar. Ikinji orna ermenistanly türgenler mynasyp boldular. Ilkinji üçlügiň ahyrky setirini azerbaýjanly türgenler eýelediler.