Täzelikler

SAHYPA TAPYLMADY


MEDENIÝET

“Gelin gelýär ...” sahna oýny görkezildi

Baş akademiki drama teatry teatr möwsüminiň ahyry golaýlanda, tomaşaçylary ýiti ýordumly “Gelin gelýär ...” atly gülküli oýnunyň ilkinji görkezilişi bilen begendirdi. Tanymal zenan şahyrymyz Towşan Esenowa bu oýny geçen asyryň 80-nji ýyllarynda ýazypdy, şonuň üçin ony döredijiler bu oýny garry enäniň öz gözi bilen gören çynaberimsiz hekaýatyny beýan edýän öňsöz we häzirki durmuşdan alnan sözsoňy arkaly döwre bap getiripdirler.
Aslynda, wokzal ýolagçylaryň geň-taň hekaýatlary gürrüň berýän üýtgeşik bir ýeridir. Oýny goýan režissýor, Türkmenistanyň at gazanan artisti Gülälek Akmyradowanyň we Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, sahna suratkeşi Maksat Amangeldiýewiň wokzalyň durkuny ynandyryjy görkezmegiň hötdesinden gelendigini bellemelidiris. Otla münmelidigi yglan edilende, ýolagçylar, olaryň ýüki – sandykdyr çemedanlar, haltalar ýagtylyk tizliginde sekiden wagonlara geçýärler we enäniň başlan hekaýaty indi demir ýol ulagynda keşpler arkaly ýerine ýetirilýär.
Şu ýerde oýnuň ýene bir üstünligi – tomaşaçylaryň öňünde küpeli wagon peýda bolýar. Otly hereket edip başlaýar we otlynyň “ýöreýändigini” görkezip, aýnalaryň aňyrsynda ýol ýakasynda ösen gyrymsy agaçlar “süýşüp ugraýar”.
Hekaýat şeýle – iki aýal topary iki gelni geljekki ýanýoldaşlarynyň öýüne alyp barýar. Gelinleriň biri Ülker – hukuk fakultetiniň talyby, karateçi, halaýan ýigidi bilen duşuşmak tamasyndan bagtly, beýlekisi, Jennet bolsa gynanýar. Garyndaşlary ony ýigit bilen ylalaşyk boýunça durmuşa çykarýarlar, emma ol başga bir ýigidi – geljekki aklawçyny halaýar. Ülker muny eşidip, bile okaýan talyplarynyň toparlaýyn suratyny görkezýär, Jennet suratda öz halaýan ýigidini görýär. Onsoň gyzlar bir hyýala münýärler – ýerlerini çalyşmak. Munuň durmuşa nädip geçendigini bolsa okyjylar “Gelin gelýär ...” oýnuna tomaşa edende bilerler.
Režissýordan ýene-de bir ýakymly täzelik. Nika edarasynyň gapysynyň öňünde bolup geçen iň soňky sahnada nikalaşýan iki jübütiň üstüne häzirki durmuşdan ýene biri – üçünji jübüt-de goşulýar, bu özboluşly soňsözdür. Tomaşa zalynyň ýan gapysy açylýar-da, dostlarydyr garyndaşlary bilen gurşalan ýigitdir-gelin şowhunly, şadyýan mähelle bolup, ýüzugra tomaşaçylara süýji paýlap, galdyrym bilen sahna çykýarlar. Bu biziň döwrümiziň ýene bir tapawudy – toýlar şowhunly, köp adamly we giň gerimli boldular.
Baş keşpleri: garry ene – Selbinyýaz Berdiýewa, Ülker – Selbi Babylowa, Jennet – medeniýet institutynyň talyby Mahym Nuryýewa janlandyrdy. Köpçülikleýin sahnalara talyplar gatnaşdy.
Birnäçe sahnanyň üstünlikli oýnalmagy bilen, bu oýun tomaşaçylary 40 ýyl ozalkysy ýaly özüne çekse gerek.