Täzelikler

SAHYPA TAPYLMADY


MEDENIÝET

Türkmen kinorežissýorlarynyň täze döredijilik taslamalary

Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi doly göwrümli çeper filmleriň ikisini ̶ «Kompozitor» we «Gürgenç gözeli Törebeg» filmlerini taýýarlamaga girişdiler.
«Kompozitor» filminiň edebi ýazgysyny ýazan we režissýory Maksat Gylyjow tomaşaçylary Bah, Mosart, Bethowen ýaly dünýä meşhur ägirtleriň döreden hem-de türkmen kompozitory Nury Halmämedowyň öçmejek yz goýan jadyly saz dünýäsine çagyrýar.
Nury Halmämmedow 19 ýaşynda Magtymgulynyň goşgularynyň birine ilkinji romansyny ýazdy, 22 ýaşynda meşhur sazanda Mylly Täçmyradowa bagyşlap «Dutaryň owazy» pýesasyny döretdi, 23 ýaşynda Moskwanyň P.I.Çaýkowskiý adyndaky döwlet konserwatoriýasynyň gutardyş synagynda Bütinsoýuz radio we telewideniýeniň Uly simfoniki orkestriniň ýerine ýetirmeginde «Türkmenistan» atly simfoniki eseri ýaňlandy.
Nury Halmämedow diňe fortepiano üçin elliden gowrak eser ýazdy. Bu zehinli türkmen kompozitory Sergeý Ýeseniniň «Pars äheňleri» we Genrih Geýnäniň «Ynsan ýürekleri» goşgularyna wokal sazlaryny döretdi. «Şükür bagşy», «Ykbal», «Mukamyň syry», «Aýgytly ädim» ýaly filmler üçin ýazan sazlary Nury Halmämedowy uly abraýa eýe etdi.
«Gurgenç gözeli Törebeg» filminiň edebi ýazgysyny ýazan we režissýory Wepa Işangulyýew filmini döretmek üçin XIV asyrda Merkezi Aziýa aýlanyp, Buhara, Karshi, Samarkant, Termez we Gürgenç şäherlerine baryp gören meşhur orta asyr syýahatçysy, zyýaratçy we täjir Marokkoly Ibn Battutanyň nesillere galdyran taryhy subutnamalaryny ulanýar.
Syýahatçy öz ýazgylarynda arhitektura ýadygärliklerini, mukaddes ýerleri we zatlary jikme-jik suratlandyrypdyr. Ibn Battuta öz işinde Horezm döwletiniň paýtagty Gürgenç şäherine aýratyn bölüm beripdir. Film Gulmerdan atly ýetginjek hakynda gyzykly gürrüň berýär we onuň Altyn ordanyň hany Özbek hanyň gyzy Törebeg hanym bilen duşuşmak üçin başdan geçiren wakalary beýan edilýär. Köp rowaýatlar Törebeg hanymyň ady bilen baglanyşyklydyr we onuň mawzoleýi dünýäde hiç hili meňzeşligi bolmadyk özboluşly binagärlik gudraty hasaplanýar. Mawzoleýiň ajaýyp owadan gümmeziniň reňkli şekilini Merkezi Aziýanyň sungaty ýa-da yslam arhitekturasy barada gürrüň berýän Ýewropanyň islendik neşirinden tapyp bolýar.
Türkmen kinorežissýorlarynyň täze döredijilik taslamalary bilen milli medeni mirasyň dürli görnüşleriniň kinematografiýa arkaly wagyz edilmegi "Türkmenfilmiň" alyp barýan işleriniň esasy ugurlaryndan biridigini tassyklaýar.