Täzelikler

SAHYPA TAPYLMADY


SYÝASAT

AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ WE TÄJIGISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIKLERINIŇ ARASYNDA GEŇEŞMELER GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 15-nji iýulynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddiniň ýolbaşçylygynda Türkmenistana resmi sapar bilen gelen wekiliýet bilen gepleşikler geçirdi.
Syýasy geňeşmeleriň dowamynda Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça strategiki häsiýete eýe bolan hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ministrler iki döwletiň dost-doganlyk, birek-birege ynanyşmak hem-de özara düşünişmek ýörelgeleri esasynda köp ýyllaryň dowamynda alnyp barylýan gatnaşyklaryň mundan beýläk hem ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini tassykladylar. Şu nukdaý nazardan, ýokary derejedäki gatnaşyklaryň türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň giňeldilmeginde we pugtalandyrylmagynda aýratyn orna eýedigi bellenildi.
R.Meredowyň nygtamagyna görä, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň maý aýynda Täjigistan Respublikasyna amala aşyran döwlet sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklara täze itergi berdi hem-de hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekde wajyp ähmiýete eýe boldy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Täjigistanyň diňe ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, köptaraplaýyn diplomatiýanyň çäklerinde, hususan hem, Birleşen Milletler Guramasynda, ählumumy we sebit meseleleri boýunça oňyn hem yzygiderli hyzmatdaşlygy alyp barýandygyny tassykladylar.
Ykdysady gatnaşyklaryň ösüşi barada aýtmak bilen, türkmen tarapy iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň uly ähmiýete eýedigini belledi. Türkmenistan üçin Täjigistanyň möhüm daşary ykdysady hyzmatdaşlaryň biri bolup durýandygy nygtaldy.
Taraplar bu ugurda amala aşyrylýan hyzmatdaşlygyň uly mümkinçiliklere eýedigini bellemek bilen, ony has-da çuňlaşdyrmak boýunça ileri tutulýan meselelere seretdiler. Bu ugurdaky gatnaşyklary mundan beýläk hem ilerletmek nukdaý nazaryndan, Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-täjik toparynyň işine möhüm ähmiýet degişlidigini aýtdylar.
Söhbetdeşler medeni-ynsanperwer ugry boýunça medeniýetde, bilimde, ylymda, sportda alnyp barylýan işjeň gatnaşyklary nygtadylar hem-de olaryň mundan beýläk hem ilerledilmelidiginiň wajypdygyny tassykladylar.