SYÝASAT
TÜRKMENISTANYŇ STAMBUL ŞÄHERINDÄKI BAŞ KONSULY KONSULLYK PATENTINI GOWŞURDY
2023-nji ýylyň 25-nji awgustynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky (Stambul şäheri) Baş konsuly Muhammetnur Öwezow Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Konsullyk işleri boýunça baş müdirliginiň direktory Nurdan Erpulat Altyntaşa Konsullyk patentini gowşurdy.
Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky özarabähbitli gatnaşyklarynyň ösüşini kanagatlanma bilen belläp geçdiler. Diplomatlar şeýle-de geljekde hem iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagy we giňeldilmegi ugrunda tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryny aýratyn nygtadylar.