Täzelikler

SAHYPA TAPYLMADY


YKDYSADYÝET

«Gumdagnebit» nebitgaz çykaryş müdirligi: ýanwar-iýul aýlarynda 330,5 müň tonna nebit çykaryldy

Şu ýylyň ýedi aýynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Gumdagnebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri Türkmenistanyň iň irki känleriniň birinden 330,5 müň tonna «gara altyny» çykardylar we gaýtadan işlemäge iberdiler. Munuň özi hasabat döwri üçin önümçilik meýilnamasynyň 112% töweregine deňdir.
Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, hereket edýän guýulardan meýilnamadan artyk 50 müň tonnadan gowrak nebit çykaryldy.
Hasabat döwründe kärhanada goşmaça 3 million kub metr tebigy gaz alyndy.
Şu ýylda senagat taýdan özleşdirilmeginiň 75 ýyllygyny bellän Gumdag käninde çykarylyşyň artdyrylmagy täze tehnologiýalaryň we ýokary netijeli enjamlaryň önümçilige ornaşdyrylmagy bilen şertlendirilendir.
Häzirki wagtda müdirligiň işgärleri Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli ýokary önümçilik görkezijilerini gazanmak üçin işleri ýokary depginde alyp barýarlar.