Täzelikler

SAHYPA TAPYLMADY


MEDENIÝET

Astrahanda türkmen milli sazlary ýaňlandy

Türkmenistanyň tanymal artistleri «Hazar möwsümleri» atly halkara nusgawy sungat festiwalynyň çäginde Astrahan filarmoniýasynyň sahnasynda çykyş etdiler.
«Türkmenistanyň güni» konsertiniň aýdym-sazly maksatnamasyny ýurdumyzyň kompozitorlarynyň eserleri düzdi. Festiwalyň myhmanlary we oňa gatnaşanlar Nury Halmämmedowyň döredijilik mirasy bilen tanyşdylar. Mundan öň Hazarýaka ýurtlarynyň kompozitorlarynyň I halkara forumynda tanymal türkmen kompozitorynyň nota ýygyndysy bilen tanyşlyk bolup geçdi.
Konsertde özüniň wokal ukyby bilen tomaşaçylary haýran galdyran Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýew öz repertuaryndan iň gowy aýdymlary ýerine ýetirdi. Watanymyzda artiste «ýurduň altyn baritony» diýilýär.
Köpçüligi türkmeniň saz medeniýeti bilen tanyşdyrmagy Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumow, Aýna Seýitgulyýewa we Bahram Dolyýewiň ýolbaşçylygyndaky «Aşgabat kameratasy» atly kamera ansamblynyň agzalary we beýleki sungat ussatlary dowam etdirdi.
Astrahan oblastyny Türkmenistan bilen aňyrdan gelýän üstünlikli hyzmatdaşlyk baglanyşdyrýar. Häzirki döwürde amala aşyrylýan bilelikdäki taslamalaryň arasynda «Demirgazyk ‒ Günorta» ulag geçelgesini, gämi gurluşygy, bilim we syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek ýaly ugurlar bar.
Medeni gatnaşyklar-da giňeýär we berkeýär. Häzirki wagtda Astrahan welaýatynda XVIII asyr türkmen we dünýä edebiýatynyň ajaýyp nusgawy şahyry Magtymguly Pyragy barada dokumental film surata düşürilýär. Mundan başga-da, 2024-nji ýylda sebitde akyldar türkmen şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeni çäreler geçiriler.