YLYM WE TEHNIKA
Ylmy-amaly maslahat geçirildi.
2023-nji ýylyň sentýabr aýynyň 7-sine Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ylmy-önümçilik merkeziniň gurnamagynda Arkadag şäheriniň “Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, “ýaşyl”, howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek” atly taslamasyna goşulýandygy baradaky güwänamanyň berilmegi mynasybetli “Akylly” şäher konsepsiýasynda “ýaşyl” tehnologiýalardan peýdalanmagyň ähmiýeti» atly onlaýn ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Wodorod energetikasy merkeziniň, Tütkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ulag-logistika ylmy merkeziniň hem-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň professor-mugallymlary, hünärmenleri, ylmy işgärleri, aspirantlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda Arkadag şäheri boýunça birnäçe ylmy çykyşlar diňlenildi. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ylym-bilim ulgamynda döredilýän ähli mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýdyldylar.