Täzelikler

SAHYPA TAPYLMADY


MEDENIÝET

Türkmenistanly kino toparlarynyň 7-si «48 sagatda» atly halkara film bäsleşigine gatnaşýar

Türkmenistanly höwesjeň kino döredijilik toparlarynyň ýedisiniň surata düşürilen filmleri «48 sagatda» atly halkara bäsleşige 2022-nji ýylda gatnaşyjylaryň sanawyna goşuldy.
Ozal hem habar berşimiz ýaly, her ýyl geçirilýän bäsleşige hödürlenýän film 48 sagadyň (iki günüň) dowamynda doly taýýar görnüşde guramaçylyk toparyna ugradylmaly. Munuň üçin gatnaşjak toparlar ilkinji ýüztutmalaryny ýollaýarlar. Soňra olara bäsleşigiň guramaçylary tarapyndan bellenilen wagtda gahrymanlar, ulanylmaly zatlar we aýdylmaly sözler bilen bagly şertler berilýär. Bäsleşikde şu ýylda gyzyl köýnekli zenan bilen ak geýnüwli erkek kişiniň, ak kagyzyň, ýüregiň şekiliniň we «Dünýä ― bu...» diýen jümläniň bolmagy talap edildi.
Şeýlelikde, bellenilen wagta çenli guramaçylyk toparyna Gazagystandan 176, Özbegistandan 31, Gyrgyzystandan 26, Täjigistandan 10, Türkmenistandan 7 iş baryp gowuşdy.
Bäsleşige Türkmenistandan baran işler bilen tanyş boluň:
1. Aydyn Chozgut – «Dünýä ― bu...» («Мир это…») (Aşgabat şäheri)
2. Hakim Films – «Bagt ýanymyzda» («Счастье рядом») (Aşgabat şäheri)
3. Slammers – Ags (Aşgabat şäheri)
4. Smile is a charity – «Hiçden giç ýagşy» («Лучше поздно, чем никогда») (Aşgabat şäheri)
5. MM Production – «Ugurdaş dünýä» («Параллельный мир») (Balkanabat)
6. DZ Production – Barista (Daşoguz)
7. Zaman – «Göreş» («The Struggle») (Türkmenabat).
Geçen ýyl türkmenistanly režissýor we aktýor Myrat Mollaýew bu bäsleşige gatnaşyp, ýörite baýraga mynasyp bolupdy.