-
Futbol çempionatymyzyň 7-nji tapgyrynyň duşuşyklarynyň eminleri bellenildi
18.04.2025 -
Ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagyndaky Türkmenistanyň birinjiliginiň 7-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçiriler
18.04.2025 -
“Arkadag” topary AFK-nyň Çagyryş ligasynyň finalyna çykmagy başardy
18.04.2025 -
MARY ŞÄHERINIÑ N4 SPORT MEKDEBINIŇ 2024 NJI ÝYLDA ÝETEN SEPGITLERI.
15.04.2025 -
7-nji aprelde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä bileleşigi bilen bilelikde Bütindünýä saglyk gününi giňden baýram etdi.
09.04.2025
Şu gün, 19-njy dekabrda futzal boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň ýarymfinal duşuşyklary geçirildi.
Geçirilen duşuşyklarda degişlilikde “Gümrükçi” hem-de “Deňizçi” toparlaryndan üstün çykan “Köpetdag” bilen “Gara altyn” toparlary Kubok bäsleşiginiň aýgytlaýjy duşuşygynda güýç synanyşmaga mümkinçilik aldylar.
Futzal boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň final duşuşygy ertir, 20-nji dekabrda geçiriler. Türkmen Döwlet sport we bedenterbiýe institutynyň sport toplumynda geçirilýän aýgytlaýjy duşuşyk 14:00-da başlanar.
Ýarymfinal duşuşyklarynyň netijeleri:
“Köpetdag” – “Gümrükçi” – 5:3
“Deňizçi” – “Gara altyn” – 1:3