SYÝASAT
23-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet maslahaty geçiriler
Bu barada Ministrler Kabinetiniň şu gün Awazada geçirilen, 2022-nji ýylyň geçen ýedi aýynyň jemlerine bagyşlanan göçme mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow aýtdy.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlisde Prezident Serdar Berdimuhamedow sentýabr aýynyň ýurduň durmuşynda taryhy ähmiýetli möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärelere baý boljakdygyny belläp, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli geçiriljek baýramçylyk dabaralaryna, aýratyn-da, 23-nji sentýabrda geçiriljek Türkmenistanyň Döwlet maslahatyna häzirden gowy taýýarlyk görmelidigini nygtady. Döwlet Baştutany maslahatda ýurdy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm meselelerine serediljekdigini aýdyp, ony ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigini belledi.