Täzelikler

SAHYPA TAPYLMADY


YLYM WE TEHNIKA

Italiýaly alymlar beýnini Parkinson we Alsgeýmer kesselerinden goraýan içgini atlandyrdylar

Foji uniwersitetinden we Bari uniwersitetinden italýan newrologlary gündelik kofe içmegiň Parkinson we Alsgeýmer keselleriniň töwekgelçiligini azaldýandygyny anykladylar.
Olaryň pikiriçe, içgidäki kofein motor ukyplaryny ýokarlandyrýar we titremelere garşy göreşmäge kömek edýär.
Gözlegçileriň bellemegine görä, kofedäki işjeň birleşmeler nerw öýjüklerini goraýar. Hünärmenler, gysga wagtyň içinde kofe bu keýpiňi gowulaşdyryp, reaksiýalary çaltlandyrsa, uzak wagtyň dowamynda nerw ulgamyny halas edýär. Bu barada "Neural Regeneration Research" ylmy žurnalynda çap edilen makalada bellenilýär.
Alymlar kofeniň Parkinson keseliniň töwekgelçiligini 29%, Alsgeýmer keseliniň 65% azaldýandygyny anykladylar. Şeýle-de bolsa, hünärmenler gözlegiň entek tamamlanmandygyny aýtdylar.