Sport
Sambo boýunça Türkmenistanyñ birinjiligi geçirildi
Ýañy ýakynda Aşgabat şäherinde, sportuñ Sambo we söweş sambo görnüşi boýunça 16-17-18 ýaşly ýetginjekleriñ arasynda Türkmenistanyñ birinjiligi geçirildi. Bu ýaryşda Mary şäheriniñ N2-nji sport mekdebiniñ türgenleri şowly çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp boldylar.
Has takygy 47 kg agramda çykyş eden Leýla Çaryýewa, hemde 72 kg agramda çykyş eden Aýlar Soltanowa baýrakly birinji oruna mynasyp boldular. Şeýle hem, 54 kg agramda çykyş eden Äşe Seýitnyýazowa hemde 50 kg agramda çykyş eden Patma Seýitnyýazowa baýrakly ikinji oruna mynasyp boldular.
Taýýarlan: Mary şäheriniñ N2-nji sport mekdebiniñ tälimçisi Berdimyrat Ilmyradow