Täzelikler

SAHYPA TAPYLMADY


SYÝASAT

Ýewropada gazyň spotlaýyn bahasy müň kub metrine 2300 dollardan geçdi

Ýewropada gazyň spotlaýyn bahasy müň kub metrine 2300 dollardan geçdi. ICE Futures biržasynda TTF üçin golaýdaky fýuçersiň bahasy penşenbe güni irden müň kub metri üçin 2311 dollara ýetdi, şol bir wagtyň özünde söwdalaşyklar 2200 dollardan başlandy diýip, Interfaks habar berýär.
«Demirgazyk akymy» boýunça gazy ibermeklige çäklendirmeler zerarly Ýewropada gazyň bahalary ýokarlanýar. Onuň kuwwatlylygy bäş esse azaldyldy.
Ýewropa bahalaryna şeýle hem Aziýada suwuklandyrylan tebigy gazyň bahalarynyň ýokarlanmagy hem täsir edýär.
13-nji awgustdan aýyň ahyryna çenli her ýylky arassalaýyş işleri üçin Troll norweg käniniň we Kollsnes gaz taýýarlaýyş desgasynyň kuwwatlyklarynyň bir bölegi togtadyldy. Çykaryş kuwwatlyklary 20 mln kub m gaza çenli azaldyldy.
Mundan başga-da, Meksikan aýlagynda ýakynda harasatlar möwsümi başlanmaly, bu bolsa amerikan suwuklandyrylan gazynyň eksportynyň mümkinçiliklerini çäklendirip biler.