Täzelikler

SAHYPA TAPYLMADY


SYÝASAT

Brend nebiti 99,11 dollara çenli arzanlady

Deslapky günüň söwdalaşyklarynda ynamly ösüşden soň, anna güni söwdalaryň barşynda nebitiň bahalary aşaklaýar diýip, Interfaks habar berýär.
Brent nebitiniň oktýabrdaky fýuçersleriniň bahasy Londonyň ICE Futures biržasynda anna güni barreli 99,11 dollara durýar, bu görkeziji deslapky günden 0,49% aşakdyr. Öňküsi gün şertnamalar 2,2% ýokarlanyp, 99,6 dollardan satylýardy.
WTI nebitiniň bahasy Nýu-Ýorkuň haryt biržasynda 93,81 dollara deň boldy, bu görkeziji deslapky söwdalaşykdan 0,56%azdyr. Öňküsi gün şertnamanyň bahalary 2,62% ýokarlanyp, 94,34 dollardan satylýardy.
Galyberse-de, bir hepdede Brent nebitiniň bahasy 5%-e çenli, WTI bolsa 5%-den gowrak ösüş görkezdi. Muňa Trading Economics şaýatlyk edýär.
Şol bir wagtda OPEC her aýlyk hasabatynda şu ýylda nebite bolan isleg boýunça çaklamalaryny günde 0,3 mln barrel – 3,1 mln b/g çenli azaltdy. Munuň sebäbi käbir sebit üýtgemeleri bolup durýar. Şeýlelikde, 2022-nji ýylda guramanyň bahalandyrmasyna görä, nebitiň sarp edilişi 100,03 mln b/g bolar. Ondan öň, bu görkeziji 100,3 mln b/g möçberinde çaklanylýardy.