Täzelikler

SAHYPA TAPYLMADY


Bilim

Täze okuw ýyly bosagada


Täze okuw ýyly bosagada
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ähli ulgamlarda uly üstünliklere eýe bolunýar. Şonuň bilen bir hatarda bilim ulgamynda-da ençeme işler amala aşyrylyp, ýaş nesillerimiziň bilim alyp, saýlap-seçen hünärleriniň eýeleri bolmaklary üçin hem giň mümkinçilikler döredilýär. Şeýle aladalaryň netijesinde dünýä ülňülerine laýyk gurlan we döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan täze mekdepler, çagalar baglary yzygiderli ulanylmaga berilýär.  

Şu günler ýurdumyzyň bilim işgärleri uly buýsanç bilen joşgunly zähmet çekýärler. Her ýylky tomusky dynç alyş möwsümi döwründe okuw binalarynyň içiniň, daşynyň durky täzelenip, abatlaýyş işleri geçirilýär. Mekdepleriň daş-töwereginiň arassaçylygyny, şeýle hem ol ýerde ekilen dürli saýalyk we miweli agaçlary, akly-gyzylly owadan gülleri synlanyňda bilim ojaklarynyň täze okuw ýylyna doly taýyn bolandygyna göz ýetirmek bolýar. 

Bulardan başga-da, synp otaglarynda partalardyr oturgyçlaryň arassaçylygyna serenjam berlip, otaglaryň ýagty hem okatmak üçin oňaýly bolmagy ugrunda-da aladalanylýar. Sapak geçilýän wagtynda okuwçylary gyzyklandyrar ýaly täze okuw diwarlyklary döredilip, synp otaglary multimediýa tagtalary bilen üpjün edilip, täze okuw ýylyna gowy taýýarlyk görüldi. 

Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynyň häzirki döwründe güneşli Diýarymyzyň ähli bilim ojaklarynda mugallymlaryň döredijilikli işlemegi, ýaş nesliň bolsa yhlas bilen bilim alyp, okamagy üçin ähli amatly şertler döredilýär. 

Täze okuw ýylyna taýýarlyk işleri mugallymlardyr tehniki işgärleriň päk zähmeti bilen üstünlikli geçirilýär. Ýene sanlyja günden her bir bilim ojagy altyn güýzüň ilkinji güni bolan 1-nji sentýabrda aýdym-sazly dabaralar bilen okuwçylary giňden gujak açyp garşylar.