Täzelikler

SAHYPA TAPYLMADY


SYÝASAT

Ýurdumyzyň welaýatlarynyň ählisinde döwrebap elektrik stansiýalarynyň birnäçesi guruldy.


MÖHÜM PUDAK ÖSDÜRILÝÄR
Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ykdysadyýetiniň ösmeginde elektrik energetikasy pudagyna möhüm orun degişlidir. Türkmenistan uly energetiki kuwwata eýe bolmak bilen, durnukly ýörelgelerden ugur alýar. Hut şoňa görä-de biziň ýurdumyz Halkara Energetika Hartiýasynyň düýbüni tutujylaryň biridir. Ata Watanymyzda soňky birnäçe ýyllaryň dowamynda energetika pudagynyň düzümleriniň üsti ýokary öndürijilikli gaz turbinaly enjamlar bilen üpjün edilen stansiýalar bilen ýetirildi. Ýurdumyzyň welaýatlarynyň ählisinde döwrebap elektrik stansiýalarynyň birnäçesi guruldy.
Elektrik stansiýalar bir-biri bilen kuwwatlylyk taýdan baglanyşykly bolup, elektrik guşagyny emele getirýär. Bu desgalar ygtybarly energetika kuwwatyny döretmäge, içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-de elektrik energiýasyny daşary döwletlere ibermäge mümkinçilik berýär. 
Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ösüşiň belentliklerine göterilýän eziz Diýarymyzyň ykdysadyýetiniň kuwwatlanmagyna itergi berjek ýokary tehnologiýaly täze Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezi açylyp, ulanylmaga berildi.
Dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berlen bu desga Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp miweleriniň biridir. Dünýäniň öňdebaryjy enjamlary bilen üpjün edilen täze desganyň ulanylmaga berilmegi milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilýändigini, energetika pudagyna innowasion tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylýandygyny görkezýär.