SYÝASAT
IŞJEŇ HYZMATDAŞLYGYNYŇ ŞUGLASY
IŞJEŇ HYZMATDAŞLYGYNYŇ ŞUGLASY
Garaşsyz Türkmenistan döwletimiz hormatly Prezidentimiziň parasatly strategik syýasat ugry boýunça halkara derejesinde gazanýan üstünlikleri bilen bütin dünýäni haýrana goýýar. Türkmenistanyň daşary syýasy ugry halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, olaryň çäklerinde dünýä jemgyýetçiligini gyzyklandyrýan meseleler boýunça başlangyçlary beýan etmäge we olary durmuşa geçirmäge gönükdirilendir. Türkmenistan döwletimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde sebitleriň we dünýäniň yklymlarynyň parahatçylykly ösüşini gazanmagyň, howpsuzlygyny üpjün etmegiň meseleleri boýunça hödürleýän tekliplerini we başlangyçlaryny dünýä jemgyýetçiligi gyzgyn goldaýar.
BMG-niň Baş Assambleýasy şol başlangyçlar esasynda birnäçe Rezolýusiýalary kabul etdi. Üstaşyr ýangyç geçirijileriniň howpsuzlygy we durnukly ösüşi baradaky başlangyjyny BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2008-nji ýylyň dekabryndaky 63-nji mejlisinde «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty» atly Rezolýusiýa kabul edildi. Hemişelik Bitaraplygymyzyň çärýek asyrynyň dowamynda döwletimiziň başlangyçlary we teklipleri esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy Rezolýusiýalaryň 13-sini kabul etdi.
«Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 – 2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda» döwletimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy ugurlary görkezilendir, maksatlary kesgitlenendir. Şunda syýasy-diplomatik, habar-seljeriş-düşündiriş, syýasy çaklaýyş işleri Türkmenistanyň daşary işler ministrligi tarapyndan geçirilýär. Biziň ýurdumyz BMG-niň birnäçe ýöriteleşdirilen düzümleriniň işine gatnaşýar. Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň düzümleriniň – 2020 – 2022-nji ýyllar döwri üçin Bütindünýä azyk maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň, 2020 – 2024-nji ýyllar döwri üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe serişdeleri boýunça Komissiýanyň agzalygyna saýlanmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.
Bir söz bilen aýdanymyzda, haýsy ýurtda agzybirlik, parahatçylyk, jebislik höküm sürýän bolsa, şol ýurtda ösüş gazanylýar. Türkmen halky taryhda-da, häzirki döwürde-de diňe parahatçylygyň tarapdarydyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda Şükür bagşynyň öz doganyny sazyň güýji, gudraty bilen halas edişini mysal getirip, türkmen halkynyň parahatçylyksöýüji, ugurtapyjy bolandygyny açyp görkezdi. Türkmenistan döwletimizi dünýä tanatmakda köp işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri hemişe rowaç alsyn!