Täzelikler

SAHYPA TAPYLMADY


Bilim

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty «Nazary mehanika» dersi boýunça III Açyk halkara internet olimpiadasyna gatnaşjaklary saýlap alýar

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Nazary mehanika» dersi boýunça III Açyk halkara internet olimpiadasyny geçirer. Bäsleşik Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Energetika ministrliginiň goldamagynda ýokary okuw mekdebi tarapyndan guralýar.
Olimpiada gatnaşmaga ýöriteleşýän ugruna we näçinji ýylda okaýandygyna garamazdan, ders bilen gyzyklanýan türkmen we daşary ýurt ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň ählisi çagyrylýar.
Gatnaşjaklary hasaba almak institutyň tdei.edu.tm resmi saýtynda olimpiadalar bölüminde 25-nji aprele çenli dowam eder. Olimpiada özbaşdak we toparlaýyn ýaryşlar görnüşinde 6–11-nji maý aralygynda onlaýn görnüşde geçiriler. Olimpiada türkmen, rus we iňlis dillerinde alnyp barlar.
6-njy maýda bäsleşigiň özbaşdak tapgyry geçiriler. Oňa her ýokary okuw mekdepden 20 talyba çenli gatnaşyp biler. Gatnaşjaklara amaly mehanikanyň «Statika», «Kinematika» we «Dinamika» diýen üç bölüm boýunça sekiz ýumuş teklip ediler. Ýumuşlary çözmäge 4 sagat wagt berler.
7-nji maýda toparlaýyn ýaryşlar geçirilip, şolarda düzgün boýunça gatnaşýan ýokary okuw mekdebiň her birinden düzümi bäş talypdan ybarat bolan toparlaryň biri ýa-da ikisi çykyş eder. Toparlara bäş ýumuş we olary çözmäge 1 sagat wagt berler. Şol gün toparlaýyn tapgyryň netijeleri yglan ediler.
8–10-njy maý aralygynda eminler özbaşdak ýaryşlara gatnaşyjylaryň işlerini barlarlar.
11-nji maýda şahsy hasabyň jemleýji netijeleri yglan ediler, ýeňijileri sylaglamak hem-de olimpiadanyň ýapylyş dabarasy geçiriler.
Geçen ýyl amaly mehanika boýunça II açyk halkara internet olimpiadasynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 16-syndan 130-dan gowrak talyplaryň hem-de dünýäniň 16 ýurdundan, şol sanda Russiýadan, Belarusdan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan, Hytaýdan, Ekwatordan we beýleki döwletlerden ýokary okuw mekdepleriň 59-syndan talyplaryň 350-ä golaýy öz bilimlerini we zehinlerini görkezendiklerini ýatlamak gerek.
Olimpiada zehinli talyplary ýüze çykarmak, olaryň ylmy bilimlerini we amaly başarnyklaryny çuňlaşdyrmak, ýaşlaryň ylmy işlere gyzyklanmalaryny artdyrmak, innowasion tehnologiýalaryny ulanmak bilen intellektual ukyplaryny ösdürmek, halkara ylym-bilim hyzmatdaşlygyny we dünýäniň ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň hem-de mugallymlarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak maksady bilen guralýar.
Şeýle hem Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmek, bilim ulgamyna innowasiýalary ornaşdyrmak we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini halkara derejeli öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriň hataryna goşmak boýunça çäreleriň meýilnamasyny amala aşyrmak olimpiadany geçirmegiň esasy wezipeleriniň hatarynda durýar.