Sport
SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGÄMIZ
Täze taryhy döwürde Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri ýurdumyzda sportuň we sport hereketiniň ösüşini gazanmakdan ybaratdyr. Türkmenistanyň ýaş nesliniň sagdyn, güýçli, gujurly ösmegi, erbet endiklerden daşda bolmagy, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy üçin «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» şygary uzak ýyllaryň dowamynda milli Spartakiadalar we Uniwersiadalar yzygiderli geçirilýär. Bu uly göwrümli sport ýaryşlaryna Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, orta we başlangyç hünär okuw mekdepleriniň okuwçylary we orta mekdep okuwçylary gatnaşýarlar.
Ýaşlar bu sport ýaryşlaryna uly höwes bilen gatnaşýarlar we tejribe toplaýarlar. Däp bolşy ýaly, bu ýaryşlar Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti bilen Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralýar. Şeýle hem her ýyl 7-nji aprelde bellenilýän Bütindünýä saglyk güni mynasybetli bedenterbiýe, sport, medeni we dynç alyş çäreleriniň geçirilýändigini bellemelidiris.
Bu çäreleriň çäginde milli Spartakiadanyň we talyplar Uniwersiadasynyň soňky tapgyrlary geçirilýär. Şäherlerde, obalarda, etraplarda, welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde geçirilýän sport ýaryşlary, esasan, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge we onuň giňden ýaýramagyny gazanmaga gönükdirilendir.
Baýramaly etrabynyň bedenterbiýe we sport bölüminiň Başlygy