Täzelikler

SAHYPA TAPYLMADY


SYÝASAT

Birža söwdalarynda nebithimiýa önümleri satyldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 9-sy hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Täjigistanyň telekeçileri nebithimiýa önümlerini, hususan-da, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar.
Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Owganystanyň, Gyrgyzystanyň telekeçileri nah ýüplük, tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümleriniň giň görnüşini, şeýle hem mineral dökünleri satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 251 müň dollaryndan gowrak boldy.
Manat serişdelerine Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparlarynyň wekilleri bahasy 2 million 921 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen bahasy 1 million 440 müň manatlyk ýokary dykyzlykdaky polietileni satyn aldylar.