Bilim
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň wekilleri Rumyniýada önümçilik tejribeligini geçýärler
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň wekilleri Rumyniýanyň tehniki we inženerçilik bilimi boýunça esasy ýokary okuw mekdepleriniň birinde iş saparynda bolýarlar.
1-nji iýuldan 21-nji iýul aralygynda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymlary we talyplary Kluž-Napoka şäheriniň Tehniki uniwersitetiniň kompýuter tehnologiýalary fakultetinde, şeýle hem bu uniwersitet bilen hyzmatdaşlyk edýän «Tenaris», «Bosch» и «Emerson» halkara kompaniýalarynyň önümçilik binalarynda önümçilik tejribeligini geçýärler. Iş saparynyň maksady – talyplaryň telekommunikasiýa, awtomatlaşdyryş, programmirleme we kompýuter ulgamlaryndaky hünär ukyplaryny ýokarlandyrmakdyr.
Türkmen talyplary Rumyniýada alyp barýan häzirki okuwlarynyň çäklerinde «Tenaris», «Bosch» и «Emerson» halkara kompaniýalarynda öndürilen telekommunikasiýa tehnologiýalarynyň we enjamlarynyň nusgalary, önümleriň esasy aýratynlyklary we dizaýn özboluşlylygy, tehnologiki ylmy-barlag toplumlaryny dolandyrmak boýunça programma üpjünçiligi bilen jikme-jik tanyşýarlar.
Tejribe maksatnamasynda okuw merkezlerine we kompaniýalaryň önümçilik binalaryna baryp görmek hem-de tanyşmak, olaryň hünärmenleriniň okuw-türgenleşiklerini geçirmek göz öňünde tutulýar. Talyplar önümçiligiň tehnologik işi, işleri awtomatlaşdyrmagyň usullary bilen tanyşýarlar we kompaniýanyň önümlerini taýýarlamagyň doly tapgyryna gatnaşýarlar.
Türkmen ýokary okuw mekdebiniň wekilleriniň Kluž-Napoka şäheriniň Tehniki uniwersitetiniň barlaghanalarynyň mugallymlary we hünärmenleri bilen geçiren duşuşyklarynda kompaniýalaryň önümleriniň ýokary tehnologiýaly nusgalarynyň aýratynlyklary we Türkmenistanyň telekommunikasiýa ulgamlarynda ulanylyşy bilelikde gözden geçirildi we bu babatda ulgam elementlerini dolandyrmagyň häzirki zaman usullary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Saparyň dowamynda türkmen wekiliýeti «Tenaris», «Bosch» и «Emerson», kompaniýalarynyň wekillerine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» kitabyny, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň Änew şäheriniň türki dünýäsiniň medeni paýtagty hökmünde yglan edilmegi mynasybetli we «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän şu ýyl çap edilen «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» kitabyny peşgeş berdiler. 2024-nji ýylda türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli türkmen ýokary okuw mekdebiniň wekilleriniň mugallymlary we talyplary beýik şahyryň goşgular ýygyndysyny daşary ýurtly hyzmatdaşlara gowşurdylar.
Rumyniýanyň ýokary okuw mekdebinde önümçilik tejribeliginiň geçilmegi Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty bilen Kluž-Napoka şäheriniň Tehniki uniwersitetiniň arasynda 2019-njy ýylda gol çekilen Hyzmatdaşlyk barada ylalaşygynyň çäklerinde amala aşyrylýar.
Ikitaraplaýyn ylalaşyga laýyklykda ylym we bilim, telekommunikasiýalar we maglumat tehnologiýalary ýaly uniwersitetleriň arasynda netijeli hem-de peýdaly hyzmatdaşlyk ýola goýulýar.
Türkmen ýokary okuw mekdebiniň esasy maksatlaryndan biri hünärmenleriň täze neslini, hünärine ussat, häzirki zaman digital-dünýäsinden başy çykýan we innowasiýa tehnologiýalaryny üstünlikli ulanyp bilýän, giňişleýin pikirlenýän we öňde goýlan wezipeleri özbaşdak çözüp bilýän köpugurdan bilimli, zehinli, işjeň ýaşlary taýýarlamakdyr.
Institutyň fakultetlerinde talyplar programmirlemegiň, telekommunikasiýalar, sanly geçiriş ulgamlaryny gurmagyň, sanly hyzmatlary bermegiň ýörelgelerini we bu pudakda ulanylýan bilimleriň beýleki ugurlaryny öwrenýärler. Ösüp barýan hünärmenleri hemmetaraplaýyn taýýarlamak üçin amaly sapaklar, üznüksiz hünär taýýarlygy we ýerli hem-de dünýäniň ösen tejribesini özleşdirmek arkaly taglymat bilimlerini berkitmäge hem-de ösdürmäge aýratyn üns berilýär.
Şu maksat bilen ýöriteleşdirilen hyzmatdaş ýokary okuw mekdeplerinde talyplar üçin iş tejribeleri we sanly okuwlar guralýar. Bu çäreler talyplaryň hünär ukyplaryny we başarnyklaryny ýokarlandyrmaga, institutda alan tejribelerini hem-de bilimlerini baýlaşdyrmaga kömek edýär.