Täzelikler

SAHYPA TAPYLMADY


Sport

Mary şäheriniñ N3 sport mekdebinde alynyp barylýan işler

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy”
ýylynda Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly ýolbaşçylygynda türkmen sporty gün saýyn gülläp ösýär. Ýurdumyzda gurulyp ulanylmaga berilýän sport mekdepler, desgalar hem-de sport toplumlar muňa mysal bolup durýar. Mary welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň garamagyndaky Mary şäheriniň №3 sport mekdebi hem sportuň  7 (ýedi) görnüşi boýunça ýagny uly tennis, agyr atletika, ýeňil atletika, grek-rim, futbol, kik-boksing, pauerlifting görnüşleri boýunça we 12 sany tälimçi zähmet çekýär hem-de  364 türgen sport mekdepde türgenleşik geçýär.

Häzirki wagtda sport mekdebimizde täze okuw ýylyna ýaş türgenleri saýlap seçip almak barada okuw maslahat işleri geçirilýär. Sport mekdebimiziň tälimçi mugallymlary bu ugurda öz ussatlyklaryny türgenlere okuw sapak arkaly tälim berýärler. Sport mekdebiň toparlaryndaky ýaş türgenler  sportuň ýokardaky görkezilen görnüşleri boýunça welaýat, Döwlet we halkara ýaryşlarynda öz başarnyklaryny görkezip baýrakly orunlara mynasyp bolup gelýärler.

Şu pursatdan peýdalanyp Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  janlarynyň sag başlarynyň dik, ömirleriniň  uzak bolmagyny il ýurt bähbitli  tutýan tutumly işleriniň elmydam rowaç almagyny beýik biribardan dileg edýäris.

Taýýarlan: Mary şäheriniñ N3 sport mekdebiniñ direktory Röwşen Gurbanmuhammedow.