Sport
Aşgabatda “Olimpiada — 2024-e” gatnaşýan türgenleri ugratmak dabarasy geçirildi
Düýn paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň “Başa-baş söweş sungaty” sport toplumynda 26-njy iýul — 11-nji awgust aralygynda Fransiýanyň paýtagty Parižde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyny ugratmak dabarasy boldy. Her dört ýyldan bir gezek guralýan bu giň gerimli sport ýaryşlary Ýer ýüzüniň ähli künjeginden sport dünýäsiniň iň gowy wekillerini bir ýere jemleýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň halkara sport abraýyny belende götermek, Parižde geçiriljek Olimpiadada türgenlerimiziň üstünlikli çykyş etmekleri üçin hormatly Prezidentimiz, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli Kararlara gol çekdi. Olara laýyklykda, milli ýygyndy toparymyzy XXXIII tomusky Olimpiýa we XVII tomusky Paralimpiýa oýunlaryna taýýarlamak boýunça maksatnama işlenip taýýarlanyldy hem-de guramaçylyk komiteti döredildi.
Sport jemgyýetçiliginiň köp sanly wekilleri — Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Milli Olimpiýa we Paralimpiýa komitetleriniň, sport federasiýalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň talyplary Türkmenistanyň Olimpiýa wekiliýetini şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Wekiliýetiň düzümine 19 adam, şol sanda sportuň dört görnüşi — dzýudo, agyr atletika, suwda ýüzmek, ýeňil atletika boýunça çykyş edýän 6 türgen girýär.
Medeniýet we sungat ussatlarynyň belent ruha beslenen çykyşlary dabara özboluşly öwüşgin çaýdy. Şeýle hem bu ýerde türkmenistanly türgenleriň halkara sport ýaryşlarynda gazanan üstünliklerini şöhlelendirýän sergi ýaýbaňlandyryldy. Onda ýurdumyzyň türgenleriniň sportuň dürli ugurlary boýunça halkara ýaryşlarda görkezen ýokary netijeleri öz beýanyny tapdy.
Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Pariž şäherinde geçirilýän Olimpiada gatnaşýan türkmen türgenlerine iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyz türgenleri XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaklary bilen tüýs ýürekden gutlap, olaryň öňde boljak dünýäniň iri sport baýramçylygynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny belentde parlatjakdyklaryna ynam bildirdi. Milli sportuň ösen ulgamynyň kemala gelýän döwründe döwletimiziň sport abraýyny ýokarlandyrmak, ilkinji nobatda, siziň paýyňyza düşýär. Döwlet derejesinde ýaş türgenler üçin döredilýän ajaýyp şertlerimiziň netijesini ýeňişli ýollar, nusgalyk sport üstünlikleriňiz arkaly görkezmelisiňiz. Siziň Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynda üstünlikli çykyş edip, Döwlet baýdagymyzy belentde parlatjakdygyňyza berk ynanýaryn diýlip, Gutlagda nygtalýar.
Bedenterbiýäni we sporty ösdürmek ýurdumyzda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Munuň şeýledigine sporty ösdürmek boýunça kabul edilen birnäçe döwlet maksatnamalary şaýatlyk edýär. Şolaryň hatarynda “Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamak hem-de ösdürmek boýunça Milli maksatnama” hem bar. Oňa laýyklykda, Diýarymyzyň ähli sebitlerinde, paýtagtymyzda döwrebap stadionlar, sport toplumlary, mekdepler, beýleki desgalar gurlup ulanmaga berilýär. Häzirki döwürde milli sportumyz batly depginde ösüp, hil taýdan täze derejelere çykdy. Garaşsyz Türkmenistan sport ýurdy, sebit we halkara derejeli iri ýaryşlaryň geçirilýän merkezi hökmünde öz ornuny ynamly pugtalandyrýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan öňdengörüjilikli strategiýasynyň netijesinde ýurdumyzda ýokary netijeli sport bilen bir hatarda, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketi-de okgunly ösüşe eýe boldy. Jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleri işjeň ornaşdyrylýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda bedenterbiýäni we sporty höweslendirmek, hemmetaraplaýyn goldamak, ugurdaş düzümleri döwrebaplaşdyrmak, türgenler, olaryň tälimçileri, beýleki degişli hünärmenler üçin amatly şertleri döretmek boýunça toplumlaýyn işler yzygiderli dowam etdirilýär. Şunda bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, özara tejribe alyşmaga uly ähmiýet berilýär. Türkmenistan Halkara Olimpiýa Komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň, ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzasy bolmak bilen, Olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine, ýurt, sebit we dünýä derejesinde onuň ynsanperwer ýörelgeleriniň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşýar. Ýurdumyzyň sport ulgamynda ýeten belent sepgitleriniň hatarynda 2017-nji ýylda üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny, 2018-nji ýyldaky “Amul — Hazar” halkara awtorallisini, Agyr atletika hem-de Kuraş boýunça dünýä çempionatlaryny görkezmek bolar. Türkmenistanyň gysga taryhy döwürde dünýä we yklym derejesindäki iri ýaryşlaryň geçirilýän merkezine öwrülendigini göz öňünde tutup, GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň şu ýylyň 24-nji maýynda paýtagtymyzda geçirilen nobatdaky mejlisinde Aşgabat “Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri” diýlip yglan edildi.
Türkmen türgenleriniň abraýly halkara ýaryşlara yzygiderli gatnaşmaklary hem-de üstünlik gazanmaklary Türkmenistanyň sport babatda alyp barýan döwlet syýasatynyň aýdyň miwesidir. 2021-nji ýylda milli sportumyzyň taryhynda täze, şöhratly sahypa açyldy: Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda ildeşimiz Polina Gurýewa agyr atletika boýunça kümüş medaly gazanmagy başardy. Bu medal ýurdumyzyň taryhynda ilkinji Olimpiýa medalydyr. Bu ýokary üstünlik türkmen türgenlerini ussatlyklaryny has-da kämilleşdirmäge, halkara ýaryşlarda täze medallary gazanmaga ruhlandyrdy.
Türgenlerimiziň soňky ýyllarda geçirilen halkara derejeli iri ýaryşlarda gazanan ýeňişleri olaryň Pariž Olimpiadasynda hem üstünlikli çykyş etjekdiklerine ynam döredýär. Baýrakly orunlara birbada ýokary netijeleri gazanan birnäçe türgen dalaş edýär. Şolaryň hatarynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 2-nji ýyl talyby S.Rahimow hem bar. Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabyndan 20 ýaşly dzýudoçy türgen arzyly Olimpiýa oýunlaryna ýollanma gazanmagyň ugrunda soňky iki ýylyň içinde iri halkara ýaryşlarda 6 medal, şol sanda “Uly tuwulga” dünýä ýaryşlar tapgyrynyň Täjigistanda geçirilen «Dushanbe Grand Slam — 2024» atly abraýly ýaryşynda 66 kilograma çenli agram derejesinde Türkmenistanyň taryhynda ilkinji altyn medaly gazandy. Ol derejesi boýunça Olimpiýa oýunlaryndan we dünýä çempionatlaryndan soň iň abraýly ýaryş hasaplanýar.
Şu günki dabaradaky çykyşynda S.Rahimow sport bilen netijeli meşgullanmaga döredilen şertler üçin hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdi. Ol Fransiýada geçiriljek Olimpiýa oýunlarynda ýurdumyzyň ähli sport janköýerlerini göreş meýdanynda ajaýyp çykyşlar bilen begendirmek üçin ähli güýç-gaýratyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.
Dzýudo sportunyň ýene bir wekili — Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby M.Pardaýewanyň Olimpiada gatnaşýan ýygyndy toparymyzyň düzüminde üstünlikli çykyş etjekdigine hem uly ynam bildirilýär. Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabyndan 19 ýaşly zehinli türgenimiz Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak türgenleriň saýlama tapgyryndaky wekilçilikli halkara ýaryşlarda 57 kilograma çenli agram derejesinde 7 medala, şol sanda Hytaýyň Huançžou şäherinde geçirilen XIX tomusky Aziýa oýunlarynda we Türkiýede geçirilen “Uly tuwulganyň” «Antalya Grand Slam — 2024» ýaryşynda bürünç medallara mynasyp boldy.
Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak türgenleriň ýene biri — Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabyndan agyr atletika boýunça 23 ýaşly sport ussady D.Hasanbaýew Tailandyň Phuket şäherinde geçirilen dünýä kubogyndaky üstünligi bilen Olimpiada gatnaşmaga hukuk gazandy. Ol şonda silkip götermekde altyn medal gazandy we 18 görkeziji boýunça iki synanyşygyň jemi boýunça 102 kilograma çenli agram derejesinde iň gowy 10 agyr atletikaçynyň sanawyna girip, dünýä reýtinginde öz ornuny ýokarlandyrdy. Bu oňa Pariž şäherindäki Olimpiýa oýunlarynda çykyş etmäge hukuk berdi.
Olimpiýa toparymyzyň düzüminde suwda ýüzüji türgenler — 100 metr aralyga erkin usulda ýüzmek görnüşi boýunça M.Žalaýew, 100 metr aralyga arkanlygyna ýüzmek görnüşi boýunça A.Primowa, 100 metr aralyga ylgamak boýunça ýeňil atletikaçy W.Meredowa hem bar. Olaryň öňünde Olimpiýa oýunlarynda öz maksada okgunlylygyny görkezmek wezipesi durýar. Türgenlerimiziň gazanýan üstünliklerine bolsa türkmen sportunyň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn ýardam edýän hormatly Prezidentimiz we Gahryman Arkadagymyz tarapyndan ýokary baha berilýär.
Türkmenistanyň Milli agyr atletika federasiýasynyň baş kätibi, halkara derejeli emin Ç.Mämmedow “Pariž — 2024” oýunlarynda agyr atletika boýunça geçiriljek ýaryşyň emini hökmünde wekilçilik eder. Ol çykyşynda sporty ösdürmäge aýratyn üns berýändigi üçin döwlet Baştutanymyza, Milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.
Meýdança dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Döwlet baýdagy çykarylýar hem-de ýurdumyzyň olimpiýaçylaryna gowşurylýar. Dzýudo boýunça “Uly tuwulga” ýaryşynyň çempiony S.Rahimow aýratyn hormatyň we wepalylygyň nyşany hökmünde mukaddes tugumyzy maňlaýyna sylýar. Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» atly joşgunly aýdymynyň owazy astynda Türkmenistanyň Olimpiýa wekiliýetiniň agzalary dabaraly ýöräp geçýärler.
Dabaranyň ahyrynda hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul edildi. Onda türgenler her dört ýyldan bir gezek geçirilýän iň iri ýaryşda Watanymyzyň sport abraýyny belende götermegiň hatyrasyna ähli gujur-gaýratlaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
Dabara Türkmenistanyň Döwlet senasynyň dabaraly ýerine ýetirilmegi bilen tamamlandy.
***
23-nji iýulda milli ýygyndy toparymyzyň agzalary Aşgabadyň Halkara howa menzilinden 26-njy iýul — 11-nji awgust aralygynda geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak üçin Fransiýanyň paýtagty Pariže ugraýarlar.
Watandaşlarymyz türgenlerimize öňde boljak tomusky Olimpiýa oýunlarynda üstünlikli çykyş edip, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň baýdagyny belende götermegi arzuw etmek bilen, olaryň bu iri halkara ýaryşda ýokary netijeleri gazanjakdyklaryna, dünýäniň sport giňişliginde Watanymyzyň abraýynyň has-da ýokarlanmagyna uly goşant goşjakdyklaryna ynam bildirýärler. Watanyň we halkyň ynamyny ödemek, uly ýeňişleri gazanmak türkmen ýaşlarynyň mukaddes borjudyr.