Şol gün Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemaýaty, Serdar Berdimuhamedowyň sowgady çagalara, şol sanda paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýänlere dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Şu ýylda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli gazna tarapyndan durmuş goldawyna mätäç çagalara sowgat üçin 500 müň manat gönükdirildi. Baýramçylyk çärelerine Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Çagalar bagtyýar durmuş ugrunda ähli zerur şertleriň döredilýändigi, özleriniň hemmetaraplaýyn alada bilen gurşalandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda geçirilen haýyr-sahawat çäreleri hem aýdym-sazly dabaralar bilen utgaşdy.