Täzelikler

SAHYPA TAPYLMADY


Sport

Türkmen küştçüleri Merkezi Aziýa ýaşlar çempionatynda altyn we kümüş medal gazandylar

Korumduda (Yssyk-Kul, Gyrgyzystan Respublikasy) tamamlanan 8–16 ýaş aralygyndaky oglan-gyzlaryň arasynda nusgawy küşt boýunça Merkezi Aziýa çempionatynda türkmen küştçüleri bir altyn we bir kümüş medal gazandylar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn Asyr» elektron gazetiniň redaksiýasynyň habarçysyna Türkmenistanyň Küşt federasiýasynda habar berildi.
Nusgawy wagt gözegçiligi bilen, ýagny birinji göçümden başlap, her göçüm üçin 30 sekunt wagt goşmak bilen, her oýunça 90 minut wagt berlip, Şweýsariýa ulgamyna laýyklykda, 9 tapgyrda geçirilen ýaryşlarda medallar ugrunda on ýaş toparynda (5 oglan we 5 gyz), Gyrgyzystanyň 128, Gazagystanyň 98 we Özbegistanyň 69 wekilini-de goşmak bilen, 300-den gowrak küştçi bäsleşdi.
Türkmenistanyň toparyndan bäş küştçi, iki oglan we 3 gyz gatnaşyp, olaryň ikisi hormat münberiniň basgançagyna çykdy.
8 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda iň ýokary baýraga Mary welaýatyndan mümkin bolan 9 utukdan 7,5 utuk gazanan mekdep okuwçysy Aýlar Hemraýewa (FIDE reýtingi – 1483) mynasyp boldy. Aýlar birinji tapgyrdaky ýeňlişden soň, özüni ele alyp, soňky dört oýunda yzly-yzyna ýeňiş gazandy. 6-njy tapgyrda Aýlar deňme-deň oýnady, soňky geçiren üç oýnunda, sol sanda Gazagystandan bolan bäsdeşi Ameliýa Ametowany (7 utuk) hem-de Gyrgyzystandan bolan bäsdeşi Amina Şergaliýewany (6 utuk) ýeňmegi başardy, netijede olar, degişlilikde, ikinji we üçünji orunlary eýelediler.
Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ejegyz Ýalkanowanyň ýolbaşçylygynda tälim alýan Aýlar şu ýylyň fewral aýynda deň-duşlarynyň arasynda ilkinji gezek ýurdumyzyň çempiony boldy, ýazda bolsa Albaniýanyň Durres şäherinde geçirilen «blis» boýunça çagalar dünýä çempionatynda 8 ýaşa çenli toparda mynasyp 4-nji ýeri eýeledi.
Toparymyzdan 10 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda kümüş medaly Aşgabat şäherinden 9 ýaşly mekdep okuwçysy, «Küşt älemi» atly ilkinji hususy küşt akademiýasynyň şägirdi Läle Wepaýewa (FIDE reýtingi – 1481) gazandy. 5-nji tapgyrdan soň onuň bary-ýogy 2,5 utugy bardy (1 utuş, 1 utulyş we 3 deňlik), ýöne soňky dört tapgyrda yzly-yzyna dört sany möhüm ýeňiş gazandy, şol sanda ýaryş çempiony bolan Gyrgyzystandan Aimana Saizildaýewany (FIDE reýtingi – 1549) utup, hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdy. Ilkinji üçlügiň ahyrky hataryny bolsa Gazagystandan Inžu Abibulla eýeledi. Üç ýeňijiniň hemmesiniň, şol sanda 4-nji ýeri eýelän Gyrgyzystandan Aruuke Toktosunowanyň-da toplan utuk sanynyň deňligini mümkin bolan 9 utukdan 6,5 utuk gazanandygyny bellemek gerek. Eýsem-de bolsa, biziň küştçimiz goşmaça görkezijiler boýunça, ikinji ýeri eýeledi.
Fewral aýynda Türkmenistanyň 10 ýaşa çenli toparlar arasynda geçen çempionatynda Läle ilkinji onluga girdi. Indi bolsa, Merkezi Aziýanyň wise-çempiony boldy.
Ýaş gyzlaryň final tijenmesi diňe bir oýun derejesini görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, türkmen küştçüleriniň ýokary sport ruhuny we berk ýeňiş gazanmak islegini hem görkezýär. Munuň ýene bir subutnamasy bäş adam bolup çempionata gatnaşmak bilen, Türkmenistanyň toparyna medal sanawynda üçünji orny üpjün eden ildeşlerimiziň ýokary netijeliligidir.